Körpelere san barada düşünje bermek

5 Oktýabr 2021
1671

Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynda iň wajyp basgançagy eýeleýär. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar.

Çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, mekdebe taýýarlygynda esasy meseleleriň biri onuň sözleýşiniň ösen bolmagydyr. Şu nukdaýnazardan, matematika sapagynda çaganyň sözleýşiniň kämil bolmagyny gazanmak terbiýeçiniň esasy işleriniň biridir. Bu bolsa sapagyň ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Şunda okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak zerurdyr. Körpelere matematiki düşünjeleri öwretmekde görkezme esbaplaryň orny uludyr. Terbiýeçi görkezme esbaply okatmak usulynyň dilden beýan edilýän usullar bilen arabaglanyşyklydygyny göz öňünde tutup, çagalaryň sözleýşiniň kämilleşmegine hem ýol açýar. Görkezip okatmak usuly bilen terbiýeçi her bir maglumaty anyk düşündirip bilýär. Görkezme esbap çagada pikirlenmäni ösdürýär, ol beýan etme arkaly beriljek howaýy düşünjäniň ýerine anyk düşünjäni alýar. Kiçi ýaşly çagalar üçin görkezip okatmak zerur talaplaryň biridir. Olaryň tebigaty işjeň pikirlenişi talap edýär.

Çynar MÄMMETMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.