Bagtyýar geljegiň eýeleri

6 Oktýabr 2021
877

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýan ajaýyp eýýamyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegini berk binýatly edip gurmak ugrunda hem-de ýaşlary kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýokary derejededigini alamatlandyrýar.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak galkynyşy üpjün etmek, watançylyk duýgularyny ösdürmek geljegimiziň bagtyýarlygyny kepillendirýär. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi, şol sanda bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmaga gönükdirilendir.

Hudaýberdi Şehiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.