Binýady berk bilim ulgamy

6 Oktýabr 2021
1123

Ýagty geljegimize päk ynamymyz bolan ýaş nesillerimiziň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli edim-gylymlarymyz esasynda terbiýelenmegine örän uly üns berilýär. Olaryň ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ählitaraplaýyn şertler döredilýär. Şonuň netijesinde-de, döwletimizde häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berilýär. Ýylyň-ýylyna ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň bilimli-sowatly bolmagynyň ýurdumyzda baş aladadygyny aýdyň subut edýär.

Bilimiň binýady näçe berk bolsa, şol ýurduň geljegi hem şonça röwşen bolýar. Şol jähetden, ýurdumyzda berilýän orta bilimiň ähmiýeti ýaş nesilleriň aň-paýhasyny çuňlaşdyrmakda, döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmekde örän ýokary hasaplanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Maksatlaryň myrada gowuşýan zamanasynyň eýeleri bolan ýaş nesiller şu ajaýyp jümlelerden ruhlanyp, ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş barýarlar.

Ogulgerek ORAZDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň mugallymy.