Belent maksatly menziller

6 Oktýabr 2021
789

Hünär islendik adamyň jemgyýetdäki ornuny anyk kesgitleýär. Biz hem mekdebimizde ýaşlary belli bir hünäre höweslendirmek maksady bilen okuwdan daşary ýörite goşmaça sapaklary guraýarys. Terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, okuw meýilnamasy esasynda edebiýat agşamlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Duşuşyklarymyzda watansöýüjiligi, päk ahlaklylygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz edýäris. Geçirýän çärelerimizde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasly kitaplary biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynda türkmeniň döwletlilik düşünjesi, arkama-arka ýörelge bolup gelýän edim-gylymlary, däp-dessurlary, urp-adatlary dürli rowaýatlaryňdyr tymsallaryň, paýhasly jümleleriň üsti bilen çeper beýan edilýär. Bu bolsa her birimiz, esasan-da, ýaş nesil üçin milli dil baýlygymyzy we mirasymyzy ulanmakda nusgalyk mekdep bolup durýar. Okatmagyň iň kämil usullaryndan peýdalanmak arkaly geçýän okuw sapaklarymyz özüniň ýokary netijelerini hem berýär. Zehinli okuwçylarymyz her ýyl welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine uly höwes bilen gatnaşýarlar we guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar. Biz öz çekýän asylly zähmetimiziň ajaýyp miwesini bolsa okuwçylarymyzyň şeýle üstünliklerinde görýäris.

Biz mundan beýläk hem döwrebap işlemek üçin ähli mümkinçilikleri öz içine alýan mekdebimizde ýaşlara berilýän bilimiň binýadynyň berk bolmagy ugrunda yhlasly zähmetimizi gaýgyrmarys. Ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleri geljekde-de üstünlikli dowam etdireris. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan işler bagtyýarlyk döwrümiziň çuňňur watansöýüji, halal, kiçigöwünli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, gujur-gaýratly, gaýduwsyz, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesillerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermegi, bilim ulgamyny kämilleşdirmegi wajyp meseleleriň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Jeren SEÝTIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.