Matematikler maşgalasynyň ýaş agzasy (Siziň deň-duşuňyz)

8 Oktýabr 2021
1505

Kakasynyň, özünden uly üç doganynyň hem matematika ylmy bilen ykbalyny baglamagy, diňe bir Diýarymyzda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara olimpiadalara, taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýyny goraýan ezber ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaşajyk Nursoltany hem biparh goýmady.

Nursoltan Batyrowa Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. Ol heniz kiçi synplarda okaýan wagtlarynda matematika dersini has ileri görüp, bu ylma ykbalyny baglamagy ýüregine düwýär. Ýaşajyk okuwçynyň bu ugurda ezberligi onuň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Serdar şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagyna getirdi. Ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagy ýaşajyk okuwçyny has uly bäsleşiklerde netijeli çykyş etmäge höweslendirip, welaýat tapgyrynda hem birinji orna mynasyp bolmagyna itergi berdi. Geçen ýylyň maý aýynda bolsa Angliýa döwletinde matematika dersi boýunça onlaýn görnüşinde geçirilen halkara «IMEC» olimpiadasynda Nursoltan Batyrowa ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. 28 döwletden 9258 sany 9-njy synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşigiň kümüş medalyna mynasyp bolmagynda onuň maşgalasynyň, şeýle-de mugallymy Ýarmämmet Kadyrowyň hem aýratyn yhlasy bar.