Çaga durmuşyň gülüdir

8 Oktýabr 2021
1010

Maşgala bag bolsa, perzent — şol bagyň güli, miwesi, ata-ene bolsa bagyň bagbanlarydyr. Bagbanyň esasy wezipesi ösdürip ýetişdiren miwesiniň datly, ile-güne gerekli bolmagyny gazanmakdyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgala däl, eýsem, ile-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşlary ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr.

Çaga öz maşgala agzalaryndan, ilkinji nobatda, ata-enesinden görelde alyp, olaryň eden hereketlerini gaýtalaýar. Çaga göwnejaý terbiýe bermekde maşgalada agzybirligiň höküm sürmeginiň, birek-birege hormat-sarpa goýulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki çaga kiçiliginden gözüniň gören hereketleri, gulagynyň eşiden gep-sözleri has ýiti täsir edýär. Şonuň üçin-de çaga berilýän terbiýe ene süýdi ýaly halal bolmalydyr. Çaganyň göreldesi hem diňe halallykdan tutulmalydyr.

Medine BAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 32-nji «Nowça» çagalar bagynyň terbiýeçisi.