"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýagşy görelde — nesillere ýörelge

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde guralan sergi türkmençilik däplerimize siňen terbýeçilik işiniň, gyz edebiniň çuň manysyny dabaralandyrdy. Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerini geýnip, uz basyp ýöräp gelýän türkmen zenany gözelligiň nusgasydyr. Çünki türkmeniň ajaýyp keşdeleri, milli şaý-sepleri edepli-ekramly mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde, ajaýyp bir sungat eserini ýatladýar. Häzirki wagtda türkmen gelin-gyzlary gadymdan gelýän ajaýyp ýaka nusgalarynyň döwrebaplaşan görnüşlerini uly höwes bilen geýinýärler, şeýle-de dürli daşlar, hususan hem hakyk daşy oturdylan şaý-sepleri uly isleg bildirip dakynýarlar.

Gymmatly miras

Ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan diýseň asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen, başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: “Gyz edebi — il edebi”, “Gyz gylygyndan belli” diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär. Halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da, üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi bolsa, möhre öwrülen kesp-kärlerimiziň durum-durkundan, kämilliginden habar berýär. Maşgalada ýeňňe-baldyzyň arasyndaky mähirli ýakyn gatnaşykdan, agzybirlikden habar berýän mährem Ogulabat ejemiziň nusgalyk ömür ýoly, mähir-söýgi siňdirip döreden çeper el işleri biziň her birimiz üçin görüm-görelde, uly durmuş mekdebidir. Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr. Ata kesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerip, zenan sarpasyny has-da belende göterýär. Zähmetsöýer, öňdebaryjy zenanlarymyza, sekiz we ondan köp çagaly enelere Şa serpaýyny ýapýar. Munuň üçin biz — z

Nagyşy nepisli, keşdesi sünnä, milli mirasyma haýrandyr dünýä

Göwün gözelligiň gözleginde. Gözellige aşyk göwün bolsa, «bahar meýlisinde seýrana çykylýan sähralar» kybap türkmen milli halylaryna, şol halylary on barmagynyň hünärine öwren türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslarydyr şaý-seplerine maýyl. Göreni özüne maýyl edýän zenanlarymyzyň milli lybaslaryndaky özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de, türkmen milli keşdeçilik sungatydyr. Ine, bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmen keşdeçilik sungaty» dünýä derejesinde dabaralandyrylyp, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Pasyllar hem ýyllar ornuny çalşyp, asyrlar aşsa-da, döwür üýtgese-de, gelin-gyzlarymyzyň aýratynlygyny, özboluşlylygyny, agraslygyny hem eli çeperligini şöhlelendirýän türkmen zenanlarynyň lybaslary öz gymmatyny gaçyrman gelýär. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarynyň öz taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna Türkmenistanyň çäginden tapylan gadymy zenan heýkeljiklerindäki uzyn köýnekler hem şaýatlyk edýär. Bellärlikli aýratynlyklaryň biri-de, gelin-gyzlarymyzyň geýýän köýnekleriniň matasyny özleriniň dokamagy, şeýle-de olara zenanlarymyzyň filosofiki pikirlerini özüne siňdiren nepis nagyşlaryň salynmagydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini ýerine ýetirmegi başarmak gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-

«...her kimsäni Hydyr bil!»

«Paýhas çeşmesi» kitabynyň 422-nji sahypasynda «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil!» diýlen jümle bar. Halk arasynda bu atalar sözüniň döreýşi barada şeýle gürrüň aýdylýar: — Bir ýigit: «Çölde Hydyr ata duşýarmyş» diýip, bir meşik suwy alyp, çöle ugrapdyr. Öz ýanyndan: «Çölde Hydyr ata suw bereýin, alkyş alaýyn» diýip, göwün ýüwürdipdir. Barýarka, öňünden peşeneli bir ýaşuly çykypdyr. Ol: «Inim, meşigiňde suw bar bolarly, halys ganym gatady, bir owurt suw bersene!» diýipdir. Ol ýigit: «Men bu suwy Hydyr ata alyp barýan, ýoldan goýma ýaşuly!» diýip, gözüni-gaşyny çytyp geçip gidiberipdir.

«Berkararda» sergi guraldy

Şu gün — 14-nji dekabrda goja Hazaryň türkmen kenarynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Şu mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Berkarar» myhmanhanasynda sergi guraldy. Onda nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyz görkezilýär. Ene-mamalarymyzdan miras galan, häzirki döwürde bolsa täzeçe öwüşgine eýe bolýan türkmen halylary, olaryň dokalyş aýratynlyklary, keçeleriň taýýarlanylyşyny, keşdeçilik sungaty, halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylan senetçiligiň dürli görnüşleri  myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Amaly-haşam sungatynyň önümleri hem gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Läle kakan, gopuz çalan gelin-gyzlarymyzyň şirin owazlary sergini synlamaga gelenlerde ruhubelentlik döretdi. Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň görkezilişi türkmen hem doganlyk halklaryň aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi.

«Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn...»

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Gündogar halklarynyň aň-düşünjesine ornaşan pygamberler, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetler bilen baglanyşykly dürli setirler bar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Magtymgulynyň halkyna goýan gymmatly mirasyny öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler bu ugurda ylmy işleri alyp barmaga ýardam edýär. Hydyr – arapça gök, ýaşyl çemenlik ýer, ýaşyl öwüsýän meýdan diýen mana eýedir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Hydyr atanyň adynyň «ýaşyly» aňlatmagy, ýaşyl lybaslylygy düşünjesinde hem tebigatyň ebedi janlylygy, Hydyr atanyň ölmez-ýitmezligi baradaky hakykat bardyr. Hydyr atanyň çölde suwsuz galan adamlara, şeýle-de kynçylyga sezewar bolan pursatlarynda olara kömege ýetişýändigi baradaky hekaýatlar örän köp».

Könek köze bolmaz

Çarwaçylyk bilen meşgullanyp gelen ata-babalarymyz bakýan mallarynyň hiç bir zadyny-da yrýa etmändirler. Düýe, goýun, geçi we beýleki mallaryň etidir ýagy, süýdi iýmit çeşmesi bolup hyzmat etse, ýüňüdir hamy-derisi hojalyk hajatlary üçin dürli zatlary taýýarlamaga çig mal bolup hyzmat edipdir. Mallaryň hamyndan zerur bolan gaplary taýýarlamak üçin abat alnan deri hamlary berkligi üçin tüssä tutulyp kakadylypdyr we daşyna guýruk ýagy çalnypdyr. Şeýle edilen gaplar içine guýlan suwuklygy süzmeýär. Esasan-da, keýigiň derisi we düýäniň hamy özüniň berkligi hem-de çyg geçirmezligi bilen tapawutlanýar. Könek — düýäniň boýun hamyndan ýüňi aýrylyp edilen gap. Bu gap ir döwürlerde düýe sagmak üçin ulanylypdyr. Könege käbir ýerlerde setil (bedre) hem diýilýär. Halkymyzda «Gyşyk ýük ýola bolmaz, könek köze bolmaz» diýen nakyl hem bar. Könek sözüniň asyl manysy gön (dürli gaplary taýýarlamak üçin işlenilip, eýlenip goýlan gaýyş) sözünden gelip çykandyr.

Türkmen keşdeçilik sungaty dünýä mirasynda

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi bilen watandaşlarymyzy gutlady. ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada biragyzdan kabul eden çözgüdi türkmen halkyny örän buýsandyrdy. Sebäbi keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

«Sary maýam çöküp otyr...»

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ata-babalarymyzyň her bir döreden gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Olaryň gündelik durmuşynda ulanan gurallary bu günki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, geçmişimiziň gadymy köklerinden habar berýär. Gadymy döwürlerde türkmen hojalygynda juwazyň orny örän uly bolupdyr. Juwaz, esasan, künjüden, galyberse-de gawun çigidinden, zygyrdan ýag almaklyk üçin peýdalanylypdyr. Türkmenler juwazdan ýag almagyň, ony işletmegiň baý däplerini döredipdirler.

Keşdeçilik sungatymyz dünýä mirasynda

Mälim bolşy ýaly, 2-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ÝUNESKO tarapyndan Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi aýdyldy. Bu hoş habar milli sungatymyzyň dünýä derejesindäki ýene-de bir dabaralanmasy bolup, buýsanjymyzy goşalandyrdy. Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýar. Şeýle milli gymmatlyklaryň biri hem gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren keşdeçilik senedidir. Aslynda-da, göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasyndan, zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, ýüreginiň syntgylan, göwnüniň söýen gözelliklerini öz el işlerine geçirýärler. Owadan keşdedir nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyrýarlar. Şeýlelikde, durmuş, tebigat, ýaşaýyş gözelliklerini özünde jemleýän, uly pelsepä eýe bolan türkmen keşdeçilik sungaty halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy, zenanlarymyzyň zehini hökmünde arzylanýar. Milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip nagyşlanylyşyny synlanyňda, «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýen sözüň düýp özenine düşünýärsiň. Şoňa görä-de, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak boýunça

Ylhamyň sazlaşygy — ruhuň birligi

Aýry-aýry ynsanlara döredijilik zehininiň berilýändigini durmuş bize subut edip gelýär. Şeýle ynsanlaryň döreden eserleri pähim-parasada öwrülip, dilden-dile geçip, bakylyga eýe bolýar. Sözümizi tassyk etmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan bir mysala ýüzleneliň: «Ylhamyň Alla tarapyndan berilýändigi çyn bolmaly, Mälikgulynyň serine goşgy setirleri yzly-yzyna geldi durdy, olary kagyza geçirere ýagdaýynyň — ne galamynyň, ne-de kagyzynyň ýokdugyna Mälikguly gynanmak gynandy. Asyl, ol setirler ömürlik saklanmak üçin gelen eken». Biz şu makalamyzda ylahydan ylham berlen döredijilik adamlarynyň durmuşynda biri-birine ýakyn käbir meňzeşlikleriň bolýandygy, şeýle-de şygryýetde ussatlyga ýeten şahyrlaryň döreden eserleriniň özünden soňkulara ylham ganaty bolýandygy hakynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik mertebä eýe bolan kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň döredijiliginiň käbir pursatlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly bilen ýakyn baglanyşyga eýediginiň mysalynda söhbet açmakçy bolýarys. Umuman alnanda, bu ýagdaý beýik şahsyýetleriň ruhy taýdan biri-birine ýakyndygynyň netijesidir.

Milli oýunlar — terbiýeçilik mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň inim-çykymy, dowamata öwrülen kada-düzgünleri baradaky ajaýyp ýörelgeleri giňden beýan edilýär. Kitapda türkmençilikde 7 zady ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigi barada hem örän gyzykly maglumatlar berilýär. Alym Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly her bir türkmen maşgalasynda çaga dünýä inende ony ýüze sylyp, mähir bilen gurşap alýarlar. Ol çaganyň ulalyp, ilhalar, edep-terbiýesi ýetik, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegi üçin çagalygyndan alada edilýär. Çünki, çaga her öýüň şatlygy, guwanjy, geljegi, maşgalanyň dowamaty.

Nalaç baba ýadygärlikler toplumy

Üstýurt gyrynyň uzyn dilkaw şekilli bir çüňki ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýarym aýlaw şekilli uzap gidýär. Şol dilkaw şekilli gyryň içki bölegine Aýböwür diýilse, günorta gündogara uzap gutarýan bölegine Nalajyň gyry diýilýär. Şol ýerde Nalaç baba ady bilen gadymy gonamçylyk hem-de ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Ýeri gelende, Üstýurt gyrynyň Aýböwüriň daşyndan aýlanýan böleginde, düzlük bilen gyryň sepleşýän ýerinde gurlan Döwkesen, Şamahy galalary bilen Nalaç baba ýadygärlikler toplumyndaky köp sanly meňzeşlikler şeýle synlanyňda hem bildirýär. Oňa Bötendagdaky Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumyny hem degişli etmek mümkin. Nalajyň gyrynyň gündogar eňňidindäki Şirwan galasy ýokarda sanalan galalardan diwarynyň pagsadan galdyrylanlygy bilen tapawutlanýar. Bulara Döwkeseniň golaýynda düzlükde gurlan Akgalany, Bötendagyň etegindäki Adak galasyny hem goşmak bolar. Bötendagda Adak ady bilen iki sany gala bolup, onuň Tüni derýanyň köne hanasynyň gündogar tarapyndakysy abat diýen ýaly saklanyp galypdyr. Bötendagyň etegindäkisi bolsa ýumrulyp, haraba öwrülipdir. Bu galalar baradaky käbir maglumatlar orta asyr çeşmelerinde duşýan hem bolsa, olar barada ylmy jähetden çemeleşilen maglumatlar geçen asyryň başyndan başlanýar. Rus alymy S. P. Tolstow 1936-njy ýylda uçardan alnan suratlar esasynda bu galalaryň köpüsi baradaky maglumatlary ilkinji ylmy dolanyşyga girizýär. Öňki çeşmelerde

Dünýäde ykrar edilen sungat

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ganatly habarlary, buşluk sözleri dilden-dile geçip, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny heýjana salýar. Neneň buýsanmajak, neneň begenmejek?! Uzak ýollar aşyp gelen şeýle hoş habarlar ýöne bir buşluk bolman, eýsem, olar Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde beýan edilen hoş habar hem halkymyzda uly buýsanç döretdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde döwletimiziň hödürnamasy esasynda, türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Bu habarda zenanlarymyzyň kalbynyň bahar bilen bäsleşýän sungaty bolan el keşdesiniň belent abraýy, şan-şöhraty bar. Bu hoş habar enelerimiziň döredijilik zehinine ýokary bahadyr. Zenanlary belent daglar deýin beýgeldýän, olaryň döreden sungatyny dünýä tanadan derejedir.

Keşdeçilik sungaty — mirasymyň zynaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürnamasy esasynda türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi zenan edebine ýugrulan milli lybaslarymyzyň gözelligini dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň baý medeni mirasy hasaplanýan keşdeçilik sungatynyň bu gün dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolmagy gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepisliginiň haýrana goýýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen zenanynyň el hünärinden kemal tapan halyçylyk sungatynyň hem abraýly halkara gurama tarapyndan ykrar edilendigini bellemek möhümdir. Irki döwürlerden bäri dünýä halklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän türkmen zenanynyň el hünärinden dörän halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň önümleriniň gymmaty hiç haçan egsilmezdir.

Aýdyma öwrülen goşgular...

Iki ägirt hakynda söz Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň goşgulary halkylygy, çuňňur manylylygy, ýokary çeperçiligi, akgynlylygy hem owazlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň goşgularynda türkmen nusgawy poeziýasynyň iň gowy däpleri bilen häzirki zaman şygryýetiniň täzeçillik ruhy utgaşýar. Tüýs şahyrana duýgulara ýugrulan ol goşgular özüniň durky bilen mukama eýlenen. Şonuň üçinem Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow aýdym ýazanda, köplenç, meşhur şahyryň goşgularyna ýüzlenipdir. Ol goşgular Sahy agany täze döredijilik gözleglerine hyjuwlandyrypdyr.

Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi

Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmen nakyllarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: «Döwletliligimizi mundan beýläk-de ösdürmek, berkitmek, onuň hiç mahal mizemezligini gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr, iň belent wezipämizdir. Muňa hötde gelmek üçin halkymyzyň ynanjyny hem mertebesini kesgitleýän milli ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmegimiz, olary aýawly saklamagymyz we ösdürmegimiz zerur». Şol milli ruhy gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen nakyllarydyr. Nakyllar halkymyzyň sözde galyplanan pähim-parasadydyr, dünýägaraýşydyr, durmuş mekdebiniň iň kämil, örän gysga we diýseň düşnükli sapaklarydyr. Gysga ömrüňi durmuşda goýberen ýalňyşlyklaryňy düzetmäge sarp edenden, başda şol ýalňyşlyklary goýbermezlik ýagşy. Kyn wezipe, elbetde, ýöne çynyňy etseň, ýalňyşsyz ýaşamak mümkinçiligi-de bar. Allatagala adama akyl, aň, üşük beripdir. Ata-babalarymyz bolsa bize nakyl beripdir hem-de ätiýaçdan: «Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa — nakyla» diýipdir. Halkymyzyň nakyl (nakyllar) hakda, nakyl döretmeginiň hikmeti barasynda oýlanmagy okyjylara goýup, sözümizi dowam etdireliň!

Keşdeçilik — kämil sungat

Ýurdumyzda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, sungat derejesine ýetirilen milli senetkärçiligi ösdürmek, wagyz etmek maksady bilen geçirilýän dürli çäreler, festiwallar mirasa goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr. Milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm guraly hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek boýunça işleri öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Ine, 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürlän «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyzy bu möhüm halkara çözgüdiň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlamagy ähli ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döretdi.

Buýsandyran habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza we medeni gymmatlyklarymyza uly üns gönükdirilip, ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, durşuna zenan edebine ýugrulan keşdeçilik sungatyny dünýä ýaýmak babatda buýsanja mynasyp tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmeniň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi bilen baglanyşykly aýdylan hoş habar hem bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň özboluşly dabaralanmasy boldy. Keşdeçilik halkymyzyň iň meşhur sungatlarynyň biridir, nesilden-nesle geçirip gelýän gadymy däbidir, özboluşly senedidir. Bu ajaýyp sungatymyzy geljekki nesillere nusgalyk miras galdyrmak we dünýä ýaýmak babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Şonuň çäginde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça uly işleriň geçirilendigini bilýäris. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahaty hem muňa aýdyň mysaldyr.