Keşdeçilik sungaty — mirasymyň zynaty

7 Dekabr 2022
441

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürnamasy esasynda türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi zenan edebine ýugrulan milli lybaslarymyzyň gözelligini dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň baý medeni mirasy hasaplanýan keşdeçilik sungatynyň bu gün dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolmagy gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepisliginiň haýrana goýýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen zenanynyň el hünärinden kemal tapan halyçylyk sungatynyň hem abraýly halkara gurama tarapyndan ykrar edilendigini bellemek möhümdir. Irki döwürlerden bäri dünýä halklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän türkmen zenanynyň el hünärinden dörän halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň önümleriniň gymmaty hiç haçan egsilmezdir.

Mährijemal ÇÄJEKOWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň hünärmeni.