Ylhamyň sazlaşygy — ruhuň birligi

8 Dekabr 2022
466

Aýry-aýry ynsanlara döredijilik zehininiň berilýändigini durmuş bize subut edip gelýär. Şeýle ynsanlaryň döreden eserleri pähim-parasada öwrülip, dilden-dile geçip, bakylyga eýe bolýar. Sözümizi tassyk etmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan bir mysala ýüzleneliň: «Ylhamyň Alla tarapyndan berilýändigi çyn bolmaly, Mälikgulynyň serine goşgy setirleri yzly-yzyna geldi durdy, olary kagyza geçirere ýagdaýynyň — ne galamynyň, ne-de kagyzynyň ýokdugyna Mälikguly gynanmak gynandy. Asyl, ol setirler ömürlik saklanmak üçin gelen eken».

Biz şu makalamyzda ylahydan ylham berlen döredijilik adamlarynyň durmuşynda biri-birine ýakyn käbir meňzeşlikleriň bolýandygy, şeýle-de şygryýetde ussatlyga ýeten şahyrlaryň döreden eserleriniň özünden soňkulara ylham ganaty bolýandygy hakynda Gahryman
Arkadagymyzyň beýik mertebä eýe bolan kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň döredijiliginiň käbir pursatlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly bilen ýakyn baglanyşyga eýediginiň mysalynda söhbet açmakçy bolýarys. Umuman alnanda, bu ýagdaý beýik şahsyýetleriň ruhy taýdan biri-birine ýakyndygynyň netijesidir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.