Könek köze bolmaz

13 Dekabr 2022
377

Çarwaçylyk bilen meşgullanyp gelen ata-babalarymyz bakýan mallarynyň hiç bir zadyny-da yrýa etmändirler. Düýe, goýun, geçi we beýleki mallaryň etidir ýagy, süýdi iýmit çeşmesi bolup hyzmat etse, ýüňüdir hamy-derisi hojalyk hajatlary üçin dürli zatlary taýýarlamaga çig mal bolup hyzmat edipdir. Mallaryň hamyndan zerur bolan gaplary taýýarlamak üçin abat alnan deri hamlary berkligi üçin tüssä tutulyp kakadylypdyr we daşyna guýruk ýagy çalnypdyr. Şeýle edilen gaplar içine guýlan suwuklygy süzmeýär. Esasan-da, keýigiň derisi we düýäniň hamy özüniň berkligi hem-de çyg geçirmezligi bilen tapawutlanýar.

Könek — düýäniň boýun hamyndan ýüňi aýrylyp edilen gap. Bu gap ir döwürlerde düýe sagmak üçin ulanylypdyr. Könege käbir ýerlerde setil (bedre) hem diýilýär. Halkymyzda «Gyşyk ýük ýola bolmaz, könek köze bolmaz» diýen nakyl hem bar. Könek sözüniň asyl manysy gön (dürli gaplary taýýarlamak üçin işlenilip, eýlenip goýlan gaýyş) sözünden gelip çykandyr.

Kerim TÖRÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.