Türkmen nakyllarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

7 Dekabr 2022
601

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: «Döwletliligimizi mundan beýläk-de ösdürmek, berkitmek, onuň hiç mahal mizemezligini gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr, iň belent wezipämizdir. Muňa hötde gelmek üçin halkymyzyň ynanjyny hem mertebesini kesgitleýän milli ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmegimiz, olary aýawly saklamagymyz we ösdürmegimiz zerur». Şol milli ruhy gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen nakyllarydyr.

Nakyllar halkymyzyň sözde galyplanan pähim-parasadydyr, dünýägaraýşydyr, durmuş mekdebiniň iň kämil, örän gysga we diýseň düşnükli sapaklarydyr. Gysga ömrüňi durmuşda goýberen ýalňyşlyklaryňy düzetmäge sarp edenden, başda şol ýalňyşlyklary goýbermezlik ýagşy. Kyn wezipe, elbetde, ýöne çynyňy etseň, ýalňyşsyz ýaşamak mümkinçiligi-de bar. Allatagala adama akyl, aň, üşük beripdir. Ata-babalarymyz bolsa bize nakyl beripdir hem-de ätiýaçdan: «Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa — nakyla» diýipdir. Halkymyzyň nakyl (nakyllar) hakda, nakyl döretmeginiň hikmeti barasynda oýlanmagy okyjylara goýup, sözümizi dowam etdireliň!

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.