Aýdyma öwrülen goşgular...

7 Dekabr 2022
447

Iki ägirt hakynda söz

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň goşgulary halkylygy, çuňňur manylylygy, ýokary çeperçiligi, akgynlylygy hem owazlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň goşgularynda türkmen nusgawy poeziýasynyň iň gowy däpleri bilen häzirki zaman şygryýetiniň täzeçillik ruhy utgaşýar. Tüýs şahyrana duýgulara ýugrulan ol goşgular özüniň durky bilen mukama eýlenen. Şonuň üçinem Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow aýdym ýazanda, köplenç, meşhur şahyryň goşgularyna ýüzlenipdir. Ol goşgular Sahy agany täze döredijilik gözleglerine hyjuwlandyrypdyr.