Ýagşy görelde — nesillere ýörelge

15 Dekabr 2022
412

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde guralan sergi türkmençilik däplerimize siňen terbýeçilik işiniň, gyz edebiniň çuň manysyny dabaralandyrdy.

Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerini geýnip, uz basyp ýöräp gelýän türkmen zenany gözelligiň nusgasydyr. Çünki türkmeniň ajaýyp keşdeleri, milli şaý-sepleri edepli-ekramly mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde, ajaýyp bir sungat eserini ýatladýar. Häzirki wagtda türkmen gelin-gyzlary gadymdan gelýän ajaýyp ýaka nusgalarynyň döwrebaplaşan görnüşlerini uly höwes bilen geýinýärler, şeýle-de dürli daşlar, hususan hem hakyk daşy oturdylan şaý-sepleri uly isleg bildirip dakynýarlar.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.