Nalaç baba ýadygärlikler toplumy

8 Dekabr 2022
714

Üstýurt gyrynyň uzyn dilkaw şekilli bir çüňki ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýarym aýlaw şekilli uzap gidýär. Şol dilkaw şekilli gyryň içki bölegine Aýböwür diýilse, günorta gündogara uzap gutarýan bölegine Nalajyň gyry diýilýär. Şol ýerde Nalaç baba ady bilen gadymy gonamçylyk hem-de ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Ýeri gelende, Üstýurt gyrynyň Aýböwüriň daşyndan aýlanýan böleginde, düzlük bilen gyryň sepleşýän ýerinde gurlan Döwkesen, Şamahy galalary bilen Nalaç baba ýadygärlikler toplumyndaky köp sanly meňzeşlikler şeýle synlanyňda hem bildirýär. Oňa Bötendagdaky Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumyny hem degişli etmek mümkin. Nalajyň gyrynyň gündogar eňňidindäki Şirwan galasy ýokarda sanalan galalardan diwarynyň pagsadan galdyrylanlygy bilen tapawutlanýar. Bulara Döwkeseniň golaýynda düzlükde gurlan Akgalany, Bötendagyň etegindäki Adak galasyny hem goşmak bolar. Bötendagda Adak ady bilen iki sany gala bolup, onuň Tüni derýanyň köne hanasynyň gündogar tarapyndakysy abat diýen ýaly saklanyp galypdyr. Bötendagyň etegindäkisi bolsa ýumrulyp, haraba öwrülipdir.

Bu galalar baradaky käbir maglumatlar orta asyr çeşmelerinde duşýan hem bolsa, olar barada ylmy jähetden çemeleşilen maglumatlar geçen asyryň başyndan başlanýar. Rus alymy S. P. Tolstow 1936-njy ýylda uçardan alnan suratlar esasynda bu galalaryň köpüsi baradaky maglumatlary ilkinji ylmy dolanyşyga girizýär. Öňki çeşmelerde Döwkesen Wezir galasy ady bilen, Akgala Adak ady bilen duşýar.

Şöhrat Abdyýew,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.