Buýsandyran habar

6 Dekabr 2022
371

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza we medeni gymmatlyklarymyza uly üns gönükdirilip, ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, durşuna zenan edebine ýugrulan keşdeçilik sungatyny dünýä ýaýmak babatda buýsanja mynasyp tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmeniň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi bilen baglanyşykly aýdylan hoş habar hem bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň özboluşly dabaralanmasy boldy.

Keşdeçilik halkymyzyň iň meşhur sungatlarynyň biridir, nesilden-nesle geçirip gelýän gadymy däbidir, özboluşly senedidir. Bu ajaýyp sungatymyzy geljekki nesillere nusgalyk miras galdyrmak we dünýä ýaýmak babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Şonuň çäginde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça uly işleriň geçirilendigini bilýäris. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahaty hem muňa aýdyň mysaldyr.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.