Nagyşy nepisli, keşdesi sünnä, milli mirasyma haýrandyr dünýä

14 Dekabr 2022
611

Göwün gözelligiň gözleginde. Gözellige aşyk göwün bolsa, «bahar meýlisinde seýrana çykylýan sähralar» kybap türkmen milli halylaryna, şol halylary on barmagynyň hünärine öwren türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslarydyr şaý-seplerine maýyl. Göreni özüne maýyl edýän zenanlarymyzyň milli lybaslaryndaky özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de, türkmen milli keşdeçilik sungatydyr. Ine, bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmen keşdeçilik sungaty» dünýä derejesinde dabaralandyrylyp, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Pasyllar hem ýyllar ornuny çalşyp, asyrlar aşsa-da, döwür üýtgese-de, gelin-gyzlarymyzyň aýratynlygyny, özboluşlylygyny, agraslygyny hem eli çeperligini şöhlelendirýän türkmen zenanlarynyň lybaslary öz gymmatyny gaçyrman gelýär. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarynyň öz taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna Türkmenistanyň çäginden tapylan gadymy zenan heýkeljiklerindäki uzyn köýnekler hem şaýatlyk edýär. Bellärlikli aýratynlyklaryň biri-de, gelin-gyzlarymyzyň geýýän köýnekleriniň matasyny özleriniň dokamagy, şeýle-de olara zenanlarymyzyň filosofiki pikirlerini özüne siňdiren nepis nagyşlaryň salynmagydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini ýerine ýetirmegi başarmak gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-ekramydyr. Asyllylygyň, başarjaňlygyň, maksada okgunlylygyň nyşanydyr. Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip belleýär.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».