Gymmatly miras

14 Dekabr 2022
484

Ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan diýseň asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen, başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: “Gyz edebi — il edebi”, “Gyz gylygyndan belli” diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär.

Halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da, üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi bolsa, möhre öwrülen kesp-kärlerimiziň durum-durkundan, kämilliginden habar berýär. Maşgalada ýeňňe-baldyzyň arasyndaky mähirli ýakyn gatnaşykdan, agzybirlikden habar berýän mährem Ogulabat ejemiziň nusgalyk ömür ýoly, mähir-söýgi siňdirip döreden çeper el işleri biziň her birimiz üçin görüm-görelde, uly durmuş mekdebidir. Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr. Ata kesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerip, zenan sarpasyny has-da belende göterýär. Zähmetsöýer, öňdebaryjy zenanlarymyza, sekiz we ondan köp çagaly enelere Şa serpaýyny ýapýar. Munuň üçin biz — zenanlar Arkadagly Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.