«Sary maýam çöküp otyr...»

13 Dekabr 2022
524

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ata-babalarymyzyň her bir döreden gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Olaryň gündelik durmuşynda ulanan gurallary bu günki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, geçmişimiziň gadymy köklerinden habar berýär.

Gadymy döwürlerde türkmen hojalygynda juwazyň orny örän uly bolupdyr. Juwaz, esasan, künjüden, galyberse-de gawun çigidinden, zygyrdan ýag almaklyk üçin peýdalanylypdyr. Türkmenler juwazdan ýag almagyň, ony işletmegiň baý däplerini döredipdirler.

Mähri HALMUHAMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.