«Berkararda» sergi guraldy

14 Dekabr 2022
524

Şu gün — 14-nji dekabrda goja Hazaryň türkmen kenarynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Şu mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Berkarar» myhmanhanasynda sergi guraldy.

Onda nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyz görkezilýär. Ene-mamalarymyzdan miras galan, häzirki döwürde bolsa täzeçe öwüşgine eýe bolýan türkmen halylary, olaryň dokalyş aýratynlyklary, keçeleriň taýýarlanylyşyny, keşdeçilik sungaty, halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylan senetçiligiň dürli görnüşleri  myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Amaly-haşam sungatynyň önümleri hem gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Läle kakan, gopuz çalan gelin-gyzlarymyzyň şirin owazlary sergini synlamaga gelenlerde ruhubelentlik döretdi. Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň görkezilişi türkmen hem doganlyk halklaryň aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi.

«Watan».