Dünýäde ykrar edilen sungat

8 Dekabr 2022
531

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ganatly habarlary, buşluk sözleri dilden-dile geçip, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny heýjana salýar. Neneň buýsanmajak, neneň begenmejek?! Uzak ýollar aşyp gelen şeýle hoş habarlar ýöne bir buşluk bolman, eýsem, olar Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde beýan edilen hoş habar hem halkymyzda uly buýsanç döretdi.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde döwletimiziň hödürnamasy esasynda, türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Bu habarda zenanlarymyzyň kalbynyň bahar bilen bäsleşýän sungaty bolan el keşdesiniň belent abraýy, şan-şöhraty bar. Bu hoş habar enelerimiziň döredijilik zehinine ýokary bahadyr. Zenanlary belent daglar deýin beýgeldýän, olaryň döreden sungatyny dünýä tanadan derejedir.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.