Keşdeçilik — kämil sungat

6 Dekabr 2022
393

Ýurdumyzda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, sungat derejesine ýetirilen milli senetkärçiligi ösdürmek, wagyz etmek maksady bilen geçirilýän dürli çäreler, festiwallar mirasa goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr. Milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm guraly hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek boýunça işleri öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Ine, 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürlän «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyzy bu möhüm halkara çözgüdiň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlamagy ähli ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döretdi.

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.