«...her kimsäni Hydyr bil!»

14 Dekabr 2022
483

«Paýhas çeşmesi» kitabynyň 422-nji sahypasynda «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil!» diýlen jümle bar. Halk arasynda bu atalar sözüniň döreýşi barada şeýle gürrüň aýdylýar:

— Bir ýigit: «Çölde Hydyr ata duşýarmyş» diýip, bir meşik suwy alyp, çöle ugrapdyr. Öz ýanyndan: «Çölde Hydyr ata suw bereýin, alkyş alaýyn» diýip, göwün ýüwürdipdir. Barýarka, öňünden peşeneli bir ýaşuly çykypdyr. Ol: «Inim, meşigiňde suw bar bolarly, halys ganym gatady, bir owurt suw bersene!» diýipdir. Ol ýigit: «Men bu suwy Hydyr ata alyp barýan, ýoldan goýma ýaşuly!» diýip, gözüni-gaşyny çytyp geçip gidiberipdir.

Taýýarlan Jeren AGAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.