«Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn...»

13 Dekabr 2022
442

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Gündogar halklarynyň aň-düşünjesine ornaşan pygamberler, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetler bilen baglanyşykly dürli setirler bar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Magtymgulynyň halkyna goýan gymmatly mirasyny öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler bu ugurda ylmy işleri alyp barmaga ýardam edýär.

Hydyr – arapça gök, ýaşyl çemenlik ýer, ýaşyl öwüsýän meýdan diýen mana eýedir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Hydyr atanyň adynyň «ýaşyly» aňlatmagy, ýaşyl lybaslylygy düşünjesinde hem tebigatyň ebedi janlylygy, Hydyr atanyň ölmez-ýitmezligi baradaky hakykat bardyr. Hydyr atanyň çölde suwsuz galan adamlara, şeýle-de kynçylyga sezewar bolan pursatlarynda olara kömege ýetişýändigi baradaky hekaýatlar örän köp».

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.