Milli oýunlar — terbiýeçilik mekdebi

8 Dekabr 2022
522

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň inim-çykymy, dowamata öwrülen kada-düzgünleri baradaky ajaýyp ýörelgeleri giňden beýan edilýär. Kitapda türkmençilikde 7 zady ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigi barada hem örän gyzykly maglumatlar berilýär. Alym Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly her bir türkmen maşgalasynda çaga dünýä inende ony ýüze sylyp, mähir bilen gurşap alýarlar. Ol çaganyň ulalyp, ilhalar, edep-terbiýesi ýetik, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegi üçin çagalygyndan alada edilýär. Çünki, çaga her öýüň şatlygy, guwanjy, geljegi, maşgalanyň dowamaty.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.