"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Çaga şaý-sepleri

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden sungat eserleri häzirki nesillere taryhy öwrenmäge uly goldaw berýär. Senetçiligiň iň inçe görnüşleriniň biri hem zergärçilik sungatydyr. Bu sungat önümleri asyrlaryň dowamynda öz çeperçiligini ýitirmän, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan zergärçilik sungatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe röwüşde kämilleşýär. Bezeg şaý-seplerini ulanyş maksatlaryna görä dürli görnüşlere bölmek bolýar. Olaryň arasynda çagalaryň şaý-sepleri aýratyn orun eýeleýär.

Uja guýruk

Asly pähim-paýhasa ýugrulan türkmen bu günki gün milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýar. Ruhy dünýäsini sungat bilen beýan eden halkymyz toý-baýramlarda özüniň gymmatly däp-dessurlary bilen terbiýe meselesini utgaşykly alyp barmagy hem başarypdyr. Milli däp-dessurlarymyzy öwrenmek, olara söýgi döretmek ýaşlary watançylyk we milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli işler hasaplanýar. Halkymyzyň her toýunyň ýörelgeleri, terbiýe bilen baglanyşykly ynançlary, yrymlary we däp-dessurlary bolupdyr. Şolaryň biri-de gelnalma toýlarynyň jana ýakymly tagamlary bilen baglanyşyklydyr. «Uja guýruk» tagamyny gelin edinjek maşgala taýýarlap, gelin almaga gidenlerinde ýany bilen alyp gidipdirler. Bu tagamy taýýarlanlarynda bir semiz goýnuň etini bölekläp, ähli etini we guýruk ýagyny uly gazanda gaýnadyp, mazaly bişirýärler. Bişen etleri her bölegi hozuň ululygynda bolar ýaly, guýruk ýagyny bolsa ondan kiçiräk deň böleklere bölüşdirýärler. Bir saçak künjüli, toşaply çelpegi hem taýýarlap, her çelpege aýratynlykda bir bölek eti we ýagy dolaýarlar. Uly jamyň içine et bilen ýag dolanan çelpekleri rejeläp salýarlar. Gelnalyjy bolup gidýän kejebede bu saçagy hem ugradýarlar. Gelnalyjydaky ýeňňeler gyz çykýan toýuň märekesine «uja guýruk» paýlaýarlar. Bu asylly däp guda gatnaşygynyň agzybir we berk bolmagyna ýardam edýär diýip ynam edilipdir. «Uja ýag» diýmek semiz goýnuň guýruk ýagy bolup, ol dadymlyk

Çaryk geýdim dolak bilen

Ata-babalarymyz ir döwürlerde çaryk, çokaý, çepek, hokga ýaly aýakgaplary geýipdirler. Häzir bu milli, gadymy aýakgaplara muzeýleriň haýsy birine barsaň-da gabat gelmek bolýar. Muzeý gymmatlyklaryna öwrülen şol gadymy aýakgaplaryň biri-de çarykdyr. Bu aýakgap barada halk döredijiliginde şeýle tapmaça-da bar: Ýagyn ýagsa ýazylar, Gün çykaýsa süzüler.Bu nähili aýakgap,Çekseň bagy üzüler.

Türkmen milli oýunlary

Ösüp gel­ýän ýaş nes­li döw­re­bap ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­si he­mi­şe her bir jem­gy­ýe­tiň üns mer­ke­zin­de bo­lup gel­ýär. Her bir halk özü­niň dur­muş tej­ri­be­si­niň do­wa­myn­da ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň dür­li däp-des­sur­la­ry­ny, usul­lar­dyr tär­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni dö­re­dip, ola­ry bar­ha sün­nä­läp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ýe­tir­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Bu ba­bat­da hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň kök­le­ri­ni öw­ren­mek me­se­le­si aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men­le­riň ata-ba­ba­la­ry ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ne­sil­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Şu jähet­den mil­li ruh­da, ylym­ly-bi­lim­li, berk be­den­li, sag­dyn ýaş nes­liň ke­ma­la gel­me­gin­de halk dö­re­di­ji­li­gi­niň gör­nüş­le­ri: aja­ýyp eser­ler, halk epos­la­ry, ro­wa­ýat­lar, er­te­ki­ler, hüw­dü­ler, lä­le­ler, ma­tal­dyr na­kyl­lar we mil­li oýun­lar ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz şah­sy­ýe­ti hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek mak­sa­dyn­da ça­ga­lar üçin köp­san­ly oýun­la­ry oý­lap ta­pyp­dyr­lar. Dür­li ýer­ler­de ugur tap­mak, çak­gan bol­mak, güý­jü­ňi we ça­la­syn­ly­gy­ňy art­dyr­mak ýa­ly ada­ty en­dik­ler­den baş­ga-da, oýun­lar ça­ga­lar­da ze­hin hem-de ru­hy-ah­lak hä­si­ýet­le­ri, erk-is­le­gi

Zerim bar, zergärim bar

Şu gün — 16-njy iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly  bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zergärler özara bäsleşdiler. Pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň dowamynda kämilleşen zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak,  zergärçilik bilen meşgullanýan ýaş zergärleri ýüze çykarmak, tejribeleri artdyrmak  maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar «Syrly sungat», «Sungatym bar  — hormatym bar», «Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» diýen  şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. 

«E-S-iň» arhiwinden

Gar­ry­ga­la (häzirki Magtymguly) et­ra­by­nyň folk­lor to­pa­ry­nyň çy­kyş ed­ýän pur­sa­ty (1984 ý.).

Binagärleriň gadymy mekany

Türkmen topragy tebigy gözellikler bilen bir hatarda, geçmişden gürrüň berýän taryhy ýadygärliklere baý. Olaryň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, adamzadyň ösüşli menzillerinde ägirt uly orna eýe bolupdyr. Şeýle taryhy mekanlaryň biri-de gadymy Sarahs topragydyr. Sarahsda ussaçylygyň bellibir döwürde şeýle ýokary derejelere galmagynyň sebäbi barada alymlar dürli pikirleri orta atýarlar. Olaryň köpüsi ir döwürlerde sebitiň iň bir ösen ojaklarynyň biri bolan Gadymy Sarahs şäheri bilen baglanyşdyrýarlar. Ýagny bu ýerde ýaşaýşyň gülläp ösmegi netijesinde dürli ugurlardan, şol sanda binagärçilikden-de ussat hünärmenleriň kemala gelmegine şert döräpdir. Özboluşly ymaratçylyk ýolunyň kämil binagärlik tärlerini işläp düzen sarahsly ussalar Merkezi Aziýanyň we Horasanyň çar künjünde ajaýyp binalaryň ençemesini gurupdyrlar. Olardan Abulfazl as Sarahsynyň (XI asyr), Ahmet al Hadynyň (XI asyr), Mäne babanyň (XI asyr), (Soltan Sanjaryň (XII asyr) aramgähleri ýaly ajaýyp binalaryň biziň günlerimize çenli gelip ýetenleri-de az däl. Taryh ýazgylary Özbegistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Žar-Gorgandaky minarany XII — XIII asyrlarda Muhammet ibn Aly as-Sarahsynyň, Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýyny XII asyrda Mansur Asad ibn Muhammet al Tarafi as Sarahsynyň gurandygyna şaýatlyk edýär. Goňşy Eýran döwletiniň çägindäki Sarahsda ýerleşýän Muhammet ibn Muhammet Lukmanyň aramgähini-de s

Ýaşlaryň ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenip geçilmegi şahyryň döredijiliginiň, ylmy garaýyşlarynyň, döwletlilik hakyndaky pikirleriniň mundan beýläk-de giňden öwrenilmegine ýardam eder. Islendik döwürde çeper eserler ynsana howa ýaly derkar bolupdyr. Türkmen halkynyň taryhy geçmişinde-de «Jemşidiň jamyna» deňelen akyldar şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň ruhuna şeýle bir berk ornaşypdyr welin, göýä ol döwürlerden döwürlere geçilýän köpri mysaly bolup hakydaňa dolýar.

Toýlaryň bezegi bedewlerimiz

Berkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hоrmatly Prеzidеntimiziň parasatly baştutanlygynda ahalteke bеdеwlеrimiziň at-abraýy döwrüň derejesinde ösdürilip, dünýä ýaýylýar. Türkmеn halky atyny uçar ganaty, çyn syrdaşy hasaplaýar. Ata tükeniksiz hоrmat bilеn garap, mährini siňdirýär. Aty bahasyna ýеtip bоlmajak gymmatly baýlygy hasaplaýar. Bеýik buýsanjymyza öwrülеn ahaltеkе bеdеwlеri ähli döwürlеrdе türkmеniň myrady bоlupdyr. Türkmеniň şöhratly taryhyna nazar aýlasaň, mеrdana halkymyzyň belent ýeňişlere eýе bоlmagynda bеdеw atlaryň оrnunyň uludygyna göz ýetirmek bolýar. Atyny sarpalan halkymyz: «Irdеn turup, ataňy gör, ataňdan sоň atyňy» diýеn nakyly döredipdir. Ata-babalarymyz asyrlardan aşyp, nеsillеrdеn-nеsillеrе geçirilen sеýisçilik sungatyny kämil dеrеjä ýеtiripdirler. Ussat seýisleriň yhlasy siňen ahaltеkе bеdеwlеri gözеlligiň, оwadanlygyň hem ýyndamlygyň nusgasydyr. Bir gezek halypa seýisleriň biri şeýleräk bir wakany gürrüň berdi. Aýdyşyna görä, onuň Laçyn atly aty bar eken. Laçyn toý-baýramlarda guralýan at çapyşyklarynda hiç bir ata öňdeligi bermez eken. Bir gezek ol at çapyşykda birinjiligi elden gideripdir-de, pellehana ikinji bolup gelipdir. Garaşylmadyk bu ýagdaýa at namys edipdir. Iýip-içmekden ýüz dönderipdir. Bedew namysjaňlygyny duýan eýesi, ýaryşda birinjiligi eýelän atyň eýesine bedewleriň ikisi üçin täzeden ýaryş guramagy teklip edi

Haly — nepisligiň nusgasy

Halyçylyk — türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Sumbar jülgesindäki Parhaý diýlen ýerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar baý we dürli görnüşdäki, haly önümçiliginde ulanylýan gymmatlyklary topladylar, munuň özi şol ýerlerde ýaşan gadymy ilatyň durmuşyna degişli köp zatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi. Taryhy maglumatlara görä, Sumbar jülgesindäki we Parhaýdaky meýdançalarda egirmek üçin niýetlenip, daşdan edilen enjamlaryň 40-sy tapylypdyr. Tapylan tapyndylar häzirki wagtda haly çitilende ulanylýan keserlere doly laýyk gelýär we diňe haýsy materiallardan taýýarlanandygy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Dünýäniň meşhur halylarynyň biri Pazyryk halysy hasaplanýar. Türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasy belli tanymal arheolog S.Rudenko tarapyndan ilkinji bolup, 1949-njy ýylda Daglyk Altaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Pazyryk halysynyň 2400 ýyl mundan öň dokalandygy kesgitlenildi. Bu gadymy halynyň gelip çykyşy köpleri gyzyklandyrypdyr. Pazyryk halysynyň ölçegi 180x198 santimetr, onda atlar, gajarlar we sugunlar şekillendirilipdir. bularyň bary skif medeniýeti barada gürrüň berýär. Bu tüýjümek halynyň şunça wagtlap ýatsa-da, kän bir zaýalanmandygy diýseň haýran galdyrýar. Häzirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky Ermitaž muzeýiniň gaznalarynda saklanýar.

Akyldaryň döredijilik dünýäsine keşt eýläp

Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasynyň binýadyny goýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýy ýetip gelýär. Şu mynasybetli häzirki günlerde ata Watanymyzda akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çärelere uly ähmiýet berilýär. Şundan ugur alyp biz hem gazetimiziň şu sanynda žurnalist Akmyrat Abdyllaýewiň mirasgär Böri Gurdow bilen Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň öwrenilişi we üstünden asyrlar aşan syrly setirleriniň mazmun goýazylygyna akyl ýetirmek babatda alnyp barylýan işler baradaky söhbetdeşligini siziň dykgatyňyza hödürleýäris. — Böri aga, bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň ylmy terjimehaly we döredijiligi baryp ХIХ asyryň ortalaryndan bäri öwrenilip gelinýär. Muňa garamazdan, bu ugurda entek magtymgulyşynaslar üçin hem, ylmy jemgyýet üçin hem ýeterlik iş bar, çünki şahyryň her setiriniň aňyrsynda giden bir dünýä jemlenýär. Şahyryň döredijiliginde ady rowaýata öwrülen şahsyýetlere hem köp duş gelinýär. Siz muny nähili düşündirip bilersiňiz!?

Halyçylyk: öýdümleriň öwüşgini

Çeper elli enelerimiziň, mamalarymyzyň zähmeti bilen dörän we bize miras galan halyçylyk sungaty köp asyrlardan bäri öz gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Halyçylyk türkmen halkynyň gadymy sungaty hasaplanylýar. Halyçylyk sungatyna yhlasyny siňdirip, ajaýyplyklary döreden eli çeper ene-mamalarymyzdan galan bu hünär ýaş gyzlar üçin bahasyna ýetip bolmajak beýik gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Halyçy kesbine ussatlygyny iş gurallaryna erk edişi bilen hem aýan edýär. Keserde eliniň hereketine göz ilmez halyçy ussat sazandanyň barmaklarynyň tamdyranyň tarlaryndaky täsin hereketlerini ýadyňa salýar. Onuň barmaklary şol herekete werdiş bolup, näçe çalasyn hereket etdigiçe, daraklaryň sesi ýygy-ýygydan eşidilýär» diýip belleýär.

Türkmeniň ykbaly, dünýäň ykrary!

Türkmençilikde: «Kim bedewe yhlas etse, onuň ady bedewiň ady bilen ebedi ýaşaýar» diýlen ajaýyp aýtgy bar. Geçen asyryň meşhur seýsi Aba Annaýew hem türkmen halkynyň ýüreklerinde ebedilik ýaşaýar. Sebäp diýseň, ussadyň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ösdürip ýetişdiren, kemala getiren dor bedewlerine tutuş Kesearkaçda taý tapylmandyr. Şöhratly taryhymyz bilen ýaşytdaş şabaz ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Söz delili bilen diýlişi ýaly, ak mermere beslenen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, gojaman Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän kämil toplumlaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi döwletimiz tarapyndan seýisçilige we atçylyk sungatynyň ösmegine itergi berýändigini hem-de olarda halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik döredýändigini magat görkezýär. Galyberse-de, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasy hasaplanýan bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň he

Ömür ýoly dowamata nusgalyk

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda milli ýörelgelere, däp-dessurlara bolan söýgini döretmekde uly ähmiýeti bar. Milli Liderimiziň manyly ömrüniň menzilleri, nusgalyk durmuş ýoly, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin bitiren beýik işleri bilen birlikde, türkmençilik edim-gylymlary, milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, adatlarymyz, dini köklerimiz we olaryň ýaşaýyş-durmuşymyzda tutýan orny kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Onda ynsan ömrüni bezeýän lebiz, ygrarlylyk, köňül tämizligi barada gürrüň edilýär. Halkymyzda nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki çaga ynsan ömrüniň manysy, arzuwy, geljegi, dowamat-dowamy. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Türkmen hemişe köp çagalylygy gowy gören milletdir. Şuňa görä, köp çagaly maşgala «döwletli maşgala» diýlipdir. «Perzent—döwlet» diýendir türkmen. «Ogul—döwletimiň başy, gyz—göwnümiň hoşy» diýendir türkmen» diýip ýazýar. Milli Liderimiz pederlerimiziň ata-ene söýgüsi, nesil terbiýesi, köp çagalylyk babatda terbiýeçilik däplerini atalar sözleriniň, nakyllaryň, pähim-parasada ýugrulan dana pikirleriň üsti bilen beýan edýär. Bu babatdan, gyzykly durmuşy wakalara, ýatlamalara, halk döredijiliginden alnan mysallara, dünýä ylmynda möhüm yz goýan beýik şahsyýetleriň çuň many-mazmuna eýlenen sözlerine ýüzlenilmegi ene-atalara

Halkymyzyň milli gymmatlyklary

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan öwrenilip, ýörite sanawa girizilýän dünýä halklarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň sany barha artýar. Türkmen halkynyň geçmişde döreden we häzirki günlere gelip ýeten, dowam etdirilýän we nesillere ýetirilýän nusgalary-da giňden öwrenilip, şol sanawa girizilýär. Täze taryhy döwrümizde «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň» hataryny artdyrmagy türkmen halky üçin uly buýsançdyr, mertebedir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň milli hem döwrebap terbiýe almaklary babatda alnyp barylýan asylly işleriň çäginde biz — mugallymlar okuwçy oglan-gyzlara ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden asylly edebi hem medeni nusgalaryny wagyz edýäris. Sungat derejesine ýetirilen hünärleri öwredýäris. Aslynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet dersinde milli hünärlerimize aýratyn üns berilýär. Okuwçy oglanlara ussaçylygyň, gyzlar üçin bolsa el işleriniň görnüşleri öwredilýär.

Yzçylaryň kämilligi

Garagum sährasynda ýaşaýan çarwalaryň arasynda ussat yzçylar köp bolupdyr we olar her bir jandaryň yzyny biri-birinden tapawutlandyrypdyrlar. Her yzyň haýsy jandara degişlidigini, haçan geçendigini bilmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Yzçylar adam yzynam, ulag serişdeleri bolan motordyr awtoulaglaryňam yzlaryny bir gezek gören bolsalar, soň islendik wagty tanapdyrlar. Yzçylyk baradaky gürrüňler halk arasynda häli-şindi aýdylyp gelinýär. Garagumuň Düňelen oýunda ýaşaýan çarwa çopany, Gümül lakamy bilen tanalýan Ýazmuhammet 5-6 ýaşlaryndaky ogly Sapardurdyny motoryna mündürip, Körsagyr ýeňselerine bir toýa gidipdir. Olaryň barýan ugurlary bir uly ýoly kesip geçipdir. Şonda motoryň ardynda oturan Sapardurdy kakasyna: «Geldimämmet aga-ha gaýrak geçipdir-ow» diýipdir. Ýazmuhammet ýaş oglunyň «ZIL — 157» kysymly awtoulagyň tekeriniň yzyny tanaýşyna geň galyp, saklanypdyr-da, yzy synlapdyr. Şonda kakasy awtoulagyň gaýrak geçendigini, onuň yzky sag tekeriniň könelişip, käbir alamatlaryň yzda gaýtalanýandygyny görüpdir we şol alamatlaram ýaş oglanyň ýadynda galandygyna göz ýetiripdir.

Türkmenleriň deňiz ulaglary we gurallary

Türkmen halky gadymy halklaryň biri bolup, onuň umumy adamzat gymmatlyklaryny özünden jemleýän iňňän baý edebi mirasy bar. Ol medeniýeti, sungaty, edebiýaty we beýlekileri öz içine alýar. Ata-babalarymyz şol taryhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirip, milli mirasymyzy has-da baýlaşdyrypdyrlar. Gadymyýetden bäri deňziň kenarlarynda, derýanyň boýlarynda ýaşan türkmenler dürli görnüşli suw ulaglaryny ulanypdyrlar. hersiniň özboluşly aýratynlyklary bolup, olar esasan agaçdan ýasalypdyr.

Milli gymmatlyklarymyz

Türkmeniň milli gymmatlyklary halkyň ýüzüniň tuwagydyr. Şol milli gymmatlyklarymyz nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmeniň ak öýleri-de milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Bilşimiz ýaly, türkmeniň ak öýleri öz taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Oguz öýleri şol döwürde tegelek we ýarym tegelek görnüşinde, Aý şekilinde hatar-hatar bolup küren tutup oturypdyrlar. Bu görnüş soňky türkmen obalarynyň keşbinde hem dowam edipdir. Sökülip-düzülýan ak öýler özünin amatlylygy, gurluşynyň özboluşlylygy bilen beýleki milletleriňkiden tapawutlanýar.

Milli ruhy dünýä ýaýýan akyldar

Halkymyz söze çäksiz hormat goýýar. Halkyň söze goýýan hormaty taryhda kämil paýhaslaryň ençemesiniň döremegine esas bolup hyzmat etdi. Şol kämil paýhaslaryň biri-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik orun alan akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Şahyryň ýaşan hem-de şol goşgulary döreden döwründen bäri üç asyra golaý wagt geçse-de, olaryň gymmatyny ýitirmän, eýsem, barha hümmetini artdyrmagynyň özeninde bir hakykat bar. Ol hakykat şahyryň şygyrlaryna halkyň taryhy ýolundaky durmuş tejribesine laýyk gelýän häsiýetleri öwüt-ündew edýänligindedir. Onuň şygyrlary nesilleriň ýörelge edinmeli häsiýetlerine eýlenendigi bilen ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganat bolýar.

El hü­nä­ri il ge­zer

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­myz hem­me­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­re bes­len­ýär, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Şo­nuň ýa­ly-da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy art­ýar. Türk­men hal­ky­nyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, dö­re­den ta­ry­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry da­ba­ra­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na «Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty», «Ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri» hem-de «Mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi» ýa­ly mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň gör­nüş­le­ri gi­ri­zil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 15-nji maý­da şu my­na­sy­bet­li ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len ÝU­NES­KO-nyň Täh­ran­da­ky klas­ter eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry ha­nym Gol­da El-Hu­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za de­giş­li gü­wä­na­ma­lary gow­şu­rdy. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne goş­ýan ägirt uly go­şan­dy­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny bo­lup d