Çaryk geýdim dolak bilen

20 Iýun 2023
467

Ata-babalarymyz ir döwürlerde çaryk, çokaý, çepek, hokga ýaly aýakgaplary geýipdirler. Häzir bu milli, gadymy aýakgaplara muzeýleriň haýsy birine barsaň-da gabat gelmek bolýar. Muzeý gymmatlyklaryna öwrülen şol gadymy aýakgaplaryň biri-de çarykdyr. Bu aýakgap barada halk döredijiliginde şeýle tapmaça-da bar:

Ýagyn ýagsa ýazylar,
Gün çykaýsa süzüler.
Bu nähili aýakgap,
Çekseň bagy üzüler.

Baýramberdi GELDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabynyň Ak altyn obasynyň ýaşaýjysy.