Türkmeniň ykbaly, dünýäň ykrary!

13 Iýun 2023
524

Türkmençilikde: «Kim bedewe yhlas etse, onuň ady bedewiň ady bilen ebedi ýaşaýar» diýlen ajaýyp aýtgy bar. Geçen asyryň meşhur seýsi Aba Annaýew hem türkmen halkynyň ýüreklerinde ebedilik ýaşaýar. Sebäp diýseň, ussadyň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ösdürip ýetişdiren, kemala getiren dor bedewlerine tutuş Kesearkaçda taý tapylmandyr.

Şöhratly taryhymyz bilen ýaşytdaş şabaz ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Söz delili bilen diýlişi ýaly, ak mermere beslenen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, gojaman Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän kämil toplumlaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi döwletimiz tarapyndan seýisçilige we atçylyk sungatynyň ösmegine itergi berýändigini hem-de olarda halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik döredýändigini magat görkezýär. Galyberse-de, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasy hasaplanýan bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem döredilmegi bu ugra döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw berilýändiginiň anyk subutnamasydyr.

Batyr ILAMANOW.