Yzçylaryň kämilligi

13 Iýun 2023
425

Garagum sährasynda ýaşaýan çarwalaryň arasynda ussat yzçylar köp bolupdyr we olar her bir jandaryň yzyny biri-birinden tapawutlandyrypdyrlar. Her yzyň haýsy jandara degişlidigini, haçan geçendigini bilmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Yzçylar adam yzynam, ulag serişdeleri bolan motordyr awtoulaglaryňam yzlaryny bir gezek gören bolsalar, soň islendik wagty tanapdyrlar.

Yzçylyk baradaky gürrüňler halk arasynda häli-şindi aýdylyp gelinýär. Garagumuň Düňelen oýunda ýaşaýan çarwa çopany, Gümül lakamy bilen tanalýan Ýazmuhammet 5-6 ýaşlaryndaky ogly Sapardurdyny motoryna mündürip, Körsagyr ýeňselerine bir toýa gidipdir. Olaryň barýan ugurlary bir uly ýoly kesip geçipdir. Şonda motoryň ardynda oturan Sapardurdy kakasyna: «Geldimämmet aga-ha gaýrak geçipdir-ow» diýipdir. Ýazmuhammet ýaş oglunyň «ZIL — 157» kysymly awtoulagyň tekeriniň yzyny tanaýşyna geň galyp, saklanypdyr-da, yzy synlapdyr. Şonda kakasy awtoulagyň gaýrak geçendigini, onuň yzky sag tekeriniň könelişip, käbir alamatlaryň yzda gaýtalanýandygyny görüpdir we şol alamatlaram ýaş oglanyň ýadynda galandygyna göz ýetiripdir.

Sa­lyh­mu­ham­met HOM­MA­DOW,
Bä­her­den et­ra­byn­da­ky 3-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, mi­ras­gär.