Türkmen milli oýunlary

20 Iýun 2023
818

Ösüp gel­ýän ýaş nes­li döw­re­bap ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­si he­mi­şe her bir jem­gy­ýe­tiň üns mer­ke­zin­de bo­lup gel­ýär. Her bir halk özü­niň dur­muş tej­ri­be­si­niň do­wa­myn­da ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň dür­li däp-des­sur­la­ry­ny, usul­lar­dyr tär­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni dö­re­dip, ola­ry bar­ha sün­nä­läp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ýe­tir­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Bu ba­bat­da hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň kök­le­ri­ni öw­ren­mek me­se­le­si aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men­le­riň ata-ba­ba­la­ry ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ne­sil­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Şu jähet­den mil­li ruh­da, ylym­ly-bi­lim­li, berk be­den­li, sag­dyn ýaş nes­liň ke­ma­la gel­me­gin­de halk dö­re­di­ji­li­gi­niň gör­nüş­le­ri: aja­ýyp eser­ler, halk epos­la­ry, ro­wa­ýat­lar, er­te­ki­ler, hüw­dü­ler, lä­le­ler, ma­tal­dyr na­kyl­lar we mil­li oýun­lar ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr.

Ata-ba­ba­la­ry­myz şah­sy­ýe­ti hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek mak­sa­dyn­da ça­ga­lar üçin köp­san­ly oýun­la­ry oý­lap ta­pyp­dyr­lar. Dür­li ýer­ler­de ugur tap­mak, çak­gan bol­mak, güý­jü­ňi we ça­la­syn­ly­gy­ňy art­dyr­mak ýa­ly ada­ty en­dik­ler­den baş­ga-da, oýun­lar ça­ga­lar­da ze­hin hem-de ru­hy-ah­lak hä­si­ýet­le­ri, erk-is­le­gi, mak­sa­da ýet­mek­de tu­tan­ýer­li­li­gi, üşük­li­li­gi dö­ret­mä­ge, to­pa­ryň dü­zü­min­de umu­my dil tap­mak hem-de saz­la­şyk­ly he­re­ket ba­şar­ny­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.