Halkymyzyň milli gymmatlyklary

13 Iýun 2023
421

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan öwrenilip, ýörite sanawa girizilýän dünýä halklarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň sany barha artýar. Türkmen halkynyň geçmişde döreden we häzirki günlere gelip ýeten, dowam etdirilýän we nesillere ýetirilýän nusgalary-da giňden öwrenilip, şol sanawa girizilýär. Täze taryhy döwrümizde «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň» hataryny artdyrmagy türkmen halky üçin uly buýsançdyr, mertebedir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň milli hem döwrebap terbiýe almaklary babatda alnyp barylýan asylly işleriň çäginde biz — mugallymlar okuwçy oglan-gyzlara ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden asylly edebi hem medeni nusgalaryny wagyz edýäris. Sungat derejesine ýetirilen hünärleri öwredýäris. Aslynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet dersinde milli hünärlerimize aýratyn üns berilýär. Okuwçy oglanlara ussaçylygyň, gyzlar üçin bolsa el işleriniň görnüşleri öwredilýär.

Amangözel ORAZMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky iňlis dili we takyk ugurlary ýöriteleşdirip öwredýän 27-nji orta mekdebiň müdiri.