Milli ruhy dünýä ýaýýan akyldar

8 Iýun 2023
615

Halkymyz söze çäksiz hormat goýýar. Halkyň söze goýýan hormaty taryhda kämil paýhaslaryň ençemesiniň döremegine esas bolup hyzmat etdi. Şol kämil paýhaslaryň biri-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik orun alan akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.

Şahyryň ýaşan hem-de şol goşgulary döreden döwründen bäri üç asyra golaý wagt geçse-de, olaryň gymmatyny ýitirmän, eýsem, barha hümmetini artdyrmagynyň özeninde bir hakykat bar. Ol hakykat şahyryň şygyrlaryna halkyň taryhy ýolundaky durmuş tejribesine laýyk gelýän häsiýetleri öwüt-ündew edýänligindedir. Onuň şygyrlary nesilleriň ýörelge edinmeli häsiýetlerine eýlenendigi bilen ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganat bolýar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.