Ýaşlaryň ylham çeşmesi

15 Iýun 2023
478

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenip geçilmegi şahyryň döredijiliginiň, ylmy garaýyşlarynyň, döwletlilik hakyndaky pikirleriniň mundan beýläk-de giňden öwrenilmegine ýardam eder.

Islendik döwürde çeper eserler ynsana howa ýaly derkar bolupdyr. Türkmen halkynyň taryhy geçmişinde-de «Jemşidiň jamyna» deňelen akyldar şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň ruhuna şeýle bir berk ornaşypdyr welin, göýä ol döwürlerden döwürlere geçilýän köpri mysaly bolup hakydaňa dolýar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.