Haly — nepisligiň nusgasy

14 Iýun 2023
538

Halyçylyk — türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Sumbar jülgesindäki Parhaý diýlen ýerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar baý we dürli görnüşdäki, haly önümçiliginde ulanylýan gymmatlyklary topladylar, munuň özi şol ýerlerde ýaşan gadymy ilatyň durmuşyna degişli köp zatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi.

Taryhy maglumatlara görä, Sumbar jülgesindäki we Parhaýdaky meýdançalarda egirmek üçin niýetlenip, daşdan edilen enjamlaryň 40-sy tapylypdyr. Tapylan tapyndylar häzirki wagtda haly çitilende ulanylýan keserlere doly laýyk gelýär we diňe haýsy materiallardan taýýarlanandygy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Dünýäniň meşhur halylarynyň biri Pazyryk halysy hasaplanýar. Türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasy belli tanymal arheolog S.Rudenko tarapyndan ilkinji bolup, 1949-njy ýylda Daglyk Altaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Pazyryk halysynyň 2400 ýyl mundan öň dokalandygy kesgitlenildi. Bu gadymy halynyň gelip çykyşy köpleri gyzyklandyrypdyr. Pazyryk halysynyň ölçegi 180x198 santimetr, onda atlar, gajarlar we sugunlar şekillendirilipdir. bularyň bary skif medeniýeti barada gürrüň berýär. Bu tüýjümek halynyň şunça wagtlap ýatsa-da, kän bir zaýalanmandygy diýseň haýran galdyrýar. Häzirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky Ermitaž muzeýiniň gaznalarynda saklanýar.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.