Milli gymmatlyklarymyz

13 Iýun 2023
490

Türkmeniň milli gymmatlyklary halkyň ýüzüniň tuwagydyr. Şol milli gymmatlyklarymyz nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmeniň ak öýleri-de milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Bilşimiz ýaly, türkmeniň ak öýleri öz taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Oguz öýleri şol döwürde tegelek we ýarym tegelek görnüşinde, Aý şekilinde hatar-hatar bolup küren tutup oturypdyrlar. Bu görnüş soňky türkmen obalarynyň keşbinde hem dowam edipdir.

Sökülip-düzülýan ak öýler özünin amatlylygy, gurluşynyň özboluşlylygy bilen beýleki milletleriňkiden tapawutlanýar.

Jennet BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň jemgyýeti öwrenişylymlary kafedrasynyň mugallymy.