Uja guýruk

21 Iýun 2023
699

Asly pähim-paýhasa ýugrulan türkmen bu günki gün milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýar. Ruhy dünýäsini sungat bilen beýan eden halkymyz toý-baýramlarda özüniň gymmatly däp-dessurlary bilen terbiýe meselesini utgaşykly alyp barmagy hem başarypdyr.

Milli däp-dessurlarymyzy öwrenmek, olara söýgi döretmek ýaşlary watançylyk we milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli işler hasaplanýar. Halkymyzyň her toýunyň ýörelgeleri, terbiýe bilen baglanyşykly ynançlary, yrymlary we däp-dessurlary bolupdyr. Şolaryň biri-de gelnalma toýlarynyň jana ýakymly tagamlary bilen baglanyşyklydyr. «Uja guýruk» tagamyny gelin edinjek maşgala taýýarlap, gelin almaga gidenlerinde ýany bilen alyp gidipdirler. Bu tagamy taýýarlanlarynda bir semiz goýnuň etini bölekläp, ähli etini we guýruk ýagyny uly gazanda gaýnadyp, mazaly bişirýärler. Bişen etleri her bölegi hozuň ululygynda bolar ýaly, guýruk ýagyny bolsa ondan kiçiräk deň böleklere bölüşdirýärler. Bir saçak künjüli, toşaply çelpegi hem taýýarlap, her çelpege aýratynlykda bir bölek eti we ýagy dolaýarlar. Uly jamyň içine et bilen ýag dolanan çelpekleri rejeläp salýarlar. Gelnalyjy bolup gidýän kejebede bu saçagy hem ugradýarlar. Gelnalyjydaky ýeňňeler gyz çykýan toýuň märekesine «uja guýruk» paýlaýarlar. Bu asylly däp guda gatnaşygynyň agzybir we berk bolmagyna ýardam edýär diýip ynam edilipdir. «Uja ýag» diýmek semiz goýnuň guýruk ýagy bolup, ol dadymlyk iýilse-de, doýumlyk bolar ýaly bereketli, aşa köp iýdirenok. Şonuň üçinem toýa gelen ähli mähellä bir goýnuň eti ýetýär. Bu ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň üsti bilen, bir tarapdan, tygşytlylyk, ykjamlyk, duz-tagam dadyrmak bilen guda gatnaşygy ýola goýlan bolsa, ikinji bir tarapdan, gelin gelen ýerine, ýagny gyz baran ýerine ýag ýaly gatyşyp gitsin diýen ynamy hem ýörelge edinilipdir.

Şeker ARAZBERDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.