Halyçylyk: öýdümleriň öwüşgini

13 Iýun 2023
517

Çeper elli enelerimiziň, mamalarymyzyň zähmeti bilen dörän we bize miras galan halyçylyk sungaty köp asyrlardan bäri öz gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Halyçylyk türkmen halkynyň gadymy sungaty hasaplanylýar. Halyçylyk sungatyna yhlasyny siňdirip, ajaýyplyklary döreden eli çeper ene-mamalarymyzdan galan bu hünär ýaş gyzlar üçin bahasyna ýetip bolmajak beýik gymmatlykdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Halyçy kesbine ussatlygyny iş gurallaryna erk edişi bilen hem aýan edýär. Keserde eliniň hereketine göz ilmez halyçy ussat sazandanyň barmaklarynyň tamdyranyň tarlaryndaky täsin hereketlerini ýadyňa salýar. Onuň barmaklary şol herekete werdiş bolup, näçe çalasyn hereket etdigiçe, daraklaryň sesi ýygy-ýygydan eşidilýär» diýip belleýär.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.