Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şonuň ýaly-da, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýy artýar. Türkmen halkynyň ajaýyp ýörelgeleri, däp-dessurlary, döreden taryhy we medeni gymmatlyklary dabaralanýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri girizildi. Mälim bolşy ýaly, 15-nji maýda şu mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalary gowşurdy. Munuň özi halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýar.