Zerim bar, zergärim bar

16 Iýun 2023
839

Şu gün — 16-njy iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly  bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zergärler özara bäsleşdiler.

Pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň dowamynda kämilleşen zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak,  zergärçilik bilen meşgullanýan ýaş zergärleri ýüze çykarmak, tejribeleri artdyrmak  maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar «Syrly sungat», «Sungatym bar  — hormatym bar», «Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» diýen  şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. 

«Zenan kalby».