Ömür ýoly dowamata nusgalyk

13 Iýun 2023
437

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda milli ýörelgelere, däp-dessurlara bolan söýgini döretmekde uly ähmiýeti bar. Milli Liderimiziň manyly ömrüniň menzilleri, nusgalyk durmuş ýoly, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin bitiren beýik işleri bilen birlikde, türkmençilik edim-gylymlary, milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, adatlarymyz, dini köklerimiz we olaryň ýaşaýyş-durmuşymyzda tutýan orny kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Onda ynsan ömrüni bezeýän lebiz, ygrarlylyk, köňül tämizligi barada gürrüň edilýär.

Halkymyzda nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki çaga ynsan ömrüniň manysy, arzuwy, geljegi, dowamat-dowamy. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Türkmen hemişe köp çagalylygy gowy gören milletdir. Şuňa görä, köp çagaly maşgala «döwletli maşgala» diýlipdir. «Perzent—döwlet» diýendir türkmen. «Ogul—döwletimiň başy, gyz—göwnümiň hoşy» diýendir türkmen» diýip ýazýar. Milli Liderimiz pederlerimiziň ata-ene söýgüsi, nesil terbiýesi, köp çagalylyk babatda terbiýeçilik däplerini atalar sözleriniň, nakyllaryň, pähim-parasada ýugrulan dana pikirleriň üsti bilen beýan edýär. Bu babatdan, gyzykly durmuşy wakalara, ýatlamalara, halk döredijiliginden alnan mysallara, dünýä ylmynda möhüm yz goýan beýik şahsyýetleriň çuň many-mazmuna eýlenen sözlerine ýüzlenilmegi ene-atalara edepli-ekramly, akylly, ahlakly perzentleri kemala getirmekde nusgalyk durmuş mekdebidir.

Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.