Akyldaryň döredijilik dünýäsine keşt eýläp

14 Iýun 2023
411

Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasynyň binýadyny goýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýy ýetip gelýär. Şu mynasybetli häzirki günlerde ata Watanymyzda akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çärelere uly ähmiýet berilýär. Şundan ugur alyp biz hem gazetimiziň şu sanynda žurnalist Akmyrat Abdyllaýewiň mirasgär Böri Gurdow bilen Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň öwrenilişi we üstünden asyrlar aşan syrly setirleriniň mazmun goýazylygyna akyl ýetirmek babatda alnyp barylýan işler baradaky söhbetdeşligini siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

— Böri aga, bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň ylmy terjimehaly we döredijiligi baryp ХIХ asyryň ortalaryndan bäri öwrenilip gelinýär. Muňa garamazdan, bu ugurda entek magtymgulyşynaslar üçin hem, ylmy jemgyýet üçin hem ýeterlik iş bar, çünki şahyryň her setiriniň aňyrsynda giden bir dünýä jemlenýär. Şahyryň döredijiliginde ady rowaýata öwrülen şahsyýetlere hem köp duş gelinýär. Siz muny nähili düşündirip bilersiňiz!?