Binagärleriň gadymy mekany

15 Iýun 2023
774

Türkmen topragy tebigy gözellikler bilen bir hatarda, geçmişden gürrüň berýän taryhy ýadygärliklere baý. Olaryň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, adamzadyň ösüşli menzillerinde ägirt uly orna eýe bolupdyr. Şeýle taryhy mekanlaryň biri-de gadymy Sarahs topragydyr.

Sarahsda ussaçylygyň bellibir döwürde şeýle ýokary derejelere galmagynyň sebäbi barada alymlar dürli pikirleri orta atýarlar. Olaryň köpüsi ir döwürlerde sebitiň iň bir ösen ojaklarynyň biri bolan Gadymy Sarahs şäheri bilen baglanyşdyrýarlar. Ýagny bu ýerde ýaşaýşyň gülläp ösmegi netijesinde dürli ugurlardan, şol sanda binagärçilikden-de ussat hünärmenleriň kemala gelmegine şert döräpdir. Özboluşly ymaratçylyk ýolunyň kämil binagärlik tärlerini işläp düzen sarahsly ussalar Merkezi Aziýanyň we Horasanyň çar künjünde ajaýyp binalaryň ençemesini gurupdyrlar. Olardan Abulfazl as Sarahsynyň (XI asyr), Ahmet al Hadynyň (XI asyr), Mäne babanyň (XI asyr), (Soltan Sanjaryň (XII asyr) aramgähleri ýaly ajaýyp binalaryň biziň günlerimize çenli gelip ýetenleri-de az däl. Taryh ýazgylary Özbegistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Žar-Gorgandaky minarany XII — XIII asyrlarda Muhammet ibn Aly as-Sarahsynyň, Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýyny XII asyrda Mansur Asad ibn Muhammet al Tarafi as Sarahsynyň gurandygyna şaýatlyk edýär. Goňşy Eýran döwletiniň çägindäki Sarahsda ýerleşýän Muhammet ibn Muhammet Lukmanyň aramgähini-de sarahsly binagärleriň gurandygyna ondaky ýazgylar, geçirilen barlag işleri tassyklaýar. «Kysasyl enbiýada» Müsür ýurduna ilki bolup gawun alyp baran Haman atly nan söwdagäriniň ata Watany — gadymy Sarahsyň ady taryh sahypalarynda sarahsly meşhur binagärleriň ençemesiniň ady bilen baglanyşyklylykda getirilýär. Ýadygärlikleriň mekany bolan Sarahs topragynyň bir çetinden girseň, Şähri-Weýeňňam, Buldurgassap, Melehaýran, Pulhatyn, Ýartygümmez, Gowşut gala, Ýagly depe... ýaly onlarça taryhy ýerler syrlar sahypalaryny öňüňde giňden açyp goýar. Olaryň her biriniň täsin “söhbetlerini” diňlemek üçin bu ýerde näçe eglenmeli boljagyň belli däldir. Bu toprakda Omar Haýýam, Şeýdaýy, Kemine, Mollanepes, Saýyly ýaly ägirtleriň aýak yzlarynyň galandygyny ýatlatsak, ol söhbetleriň datlylygy has-da artýar.

Esenmyrat ÖWEZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.