Aşaky bölegiň bronhyndaky del jisimiň endoskopiki usul bilen aýrylmagy
Traheýada we bronhda del jisimi anyklamak we bu näsaglary bejermek torakal hirurgiýanyň möhüm meselesi bolmagynda galýar [1, 2, 4, 7]. Organiki ýa-da organiki däl del jisimleriň aspirasiýasy uly ýaşlylara garanyňda, çagalarda has ýygy duş gelýär. Köp ýagdaýlarda dem alyş ýollaryna düşen del jisim bronhda (65%), traheýada (22%) we bogazda (13%) ýerleşýär. Del jisimleriň dem alyş ýollarynyň aspirasiýasynda duýdansyz güýçli üsgülewük, bogulma ýa-da sesiň gyrylmagy, stridor dem alyş, gitdigiçe güýçlenýän demgysma we umumy ýagdaýyň ýaramazlaşmagy ýüze çykýar. Dem alyş ýollaryndaky uly del jisimler agyr ýagdaýlara, mehaniki asfiksiýa, hatda ölüme hem sebäp bolup biler. Adamyň janyna howp salýan ýagdaýlarda gyssagly lukmançylyk kömegi talap edilýär [2, 4-6]. Dem alyş ýollarynda del jisimleri anyklamakda we bejermekde anamnez, kliniki ýüze çykmalar, öýkenleriň rentgen barlagy, kompýuter tomografiýasy we bronhoskopiýa barlaglary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Traheýabronhial ýollarynda del jisimleri aýyrmak üçin gaty we maýyşgak fibrobronhoskopiýa ulanylýar [1, 3, 5]. Uly del jisimleriň bronhdan endoskopiki usul bilen aýrylmagy çylşyrymly operasiýa bolup durýar, nädogry hereketler bolan ýagdaýynda del jisimiň çuňluga iteklenmegine we ýatrogen bozulmalara sezewar bolmagy mümkindir [5, 7, 8].