Saglyk ulgamyndaky belent sepgitler
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alýan hemişelik Bitarap döwletimizde iň gymmatly hazyna adam diýlip ykrar edilendir. Durmuşa geçirilýän köpugurly döwlet maksatnamalaryň hemmesi her bir ynsanyň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bitewülikde utgaşdyrylan bähbidini gazanmaga gönükdirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna uly ähmiýet berýär. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna gönükdirilen belent maksatly işler amala aşyrylýar. Ýakynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny öňe sürmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Gibrid görnüşde guralan maslahata BSGG-niň bilermenleri, halkara guramalaryň, şeýle-de ýurdumyzyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumydyr. Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagalla