"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Wagtyndan öň doglan bäbekleriň oftalmologiki skriningiň we monitoringiň sanly innowasion tehnologiýalary

Wagtyndan öň doglan bäbekleriň (WÖDB) görüş ulgamynyň patologiýasy çaga oftalmologiýasynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Agyr keselleriň arasynda esasy duş gelýän WÖDB-iň retinopatiýasy (RP), görüş nerwiniň bölekleýin atrofiýasy, glaukoma, dogabitdi miopiýa körlüge eltýän ösüş anomaliýalarydyr [1, 2]. WÖDB-de görüş boýunça maýyplygyň öňüni almak irki döwürlerde keseli anyklamak we wagtynda başlanan bejergi bilen baglydyr. Ösen döwletlerde körlüge getirýän öňdebaryjy sebäpleriň biri, WÖDB-iň retinopatiýasy bolup durýar, bu bolsa ýokary tehnologiýaly keseli anyklamak usulyny talap edýär. Agramy 2500 g-dan az bolan täze doglan bäbekler üçin gözüň torly perdesiniň patologiýasynyň irki anyklanylmagy, gaýdymsyz üýtgeşmeleriň öňüni almak üçin oftalmologik monitorlama usullarynyň geçirilmeginiň lukmançylyk-sosial ähmiýeti bardyr [3]. Ol bu keseliň kliniki alamatlarynyň aýratynlyklary, ir ýüze çykmagy (WÖDB-iň ömrüniň ilkinji hepdelerinde) we okgunly geçişi bilen baglydyr [7].

Turba-peritoneal önelgesizlikde alawlama garşy bejerginiň Mollagara melhem palçygy bilen utgaşdyrylandaky netijeliligi

Zenan önelgesizliginiň ähli görnüşleriniň arasynda turba-peritoneal önelgesizligi 20-30% düzýär we dowamly genital alawlamalarynda ýygy duş gelýär. Bir gezek ýatgynyň goşundylarynyň alawlama hadysasy geçirilip, kämil bolmadyk bejergi we dikeldiş çäreleri bellenende 25-30%, iki sapar 45-50%, üç gezek geçirilen ýagdaýynda 70% önelgesizlige getirýär [6,7]. Bulardan başga hem kiçi çanaklykdaky, ýatgynyň boşlugyndaky geçirilen operasiýalar, kiçi çanaklykdaky sepleşmeler önelgesizligiň sebäpleri bolup bilýärler [8]. Turba-peritoneal önelgesizligiň bejergisi, esasan, hirurgiki ýol bilen geçirilýär, ýöne mahsus däl bejeriş usullary (fizio-, immunoterapiýa, enzimoterapiýa) netijeli bolup, bir ýylyň dowamynda ulanylýar. Bu bejerginiň netije bermedik ýagdaýlarynda hirurgiki bejeriş usullary geçirilýär. Bu çärelerden soň hem bir ýylyň dowamynda göwrelilik ýüze çykmasa, näsagda hirurgiki bejeriş usullary ulanylýar we ekstrakorporal tohumlandyrma usulyny geçirmeli bolýar [7, 8].

Ýürek işemiýa keseliniň arterial gipertenziýa bilen utgaşyp gelýän näsaglarynda miokardyň rewaskulýarizasiýasynyň netijeleriniň aýratynlyklary

Arterial gipertenziýa (AG) ateroskleroz bilen bagly töwekgelçiligiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Multiple Risk Factor Intervention barlagynyň maglumatlary, ýürek-damar kesellerinden ölüm ýagdaýlaryň sistoliki (SAB) we diastoliki arterial basyşynyň (DAB) ösüşine proporsional ösýändigini görkezdi. Syst-Eur barlagy SAB-nyň peselmegi sebäpli, fatal we fatal däl miokardyň infarktynyň, şeýle hem beýni insultynyň ýygylygynyň aýdyň azalandygyny görkezdi. Mundan başga-da, AG dowamly ýürek ýetmezçiliginiň (DÝÝ), şeýle hem böwrek ýetmezçiliginiň, ýüregiň ritminiň bozulma töwekgelçiliginiň sebäpleriniň biri bolup durýar. Lukmanlara AG-nyň we ýüregiň işemiýa keseliniň (ÝIK) utgaşmagynyň ýygy duş gelýändigi mälim. Bir tarapdan, AG koronar damarlaryň aterosklerotiki zeperlenmeginiň ösmegine ýardam berýär, beýleki bir tarapdan, arterial basyşyň (AB) ýokarlanmagynyň netijesinde, koronar gan aýlanyşygynyň funksional we gurluş bozulmalary, ýüregiň damar remodelirlemesi ösýär [1-3].

Saglyk mekdeplerinde okuwlary guramagyň usulyýet jähtleri

Ilatyň saglygyna oňaýsyz täsir edýän sebäpleriň aglaba böleginiň durmuş derejesiniň peselmegi (oňaýsyz sosial-durmuş derejesi, zähmet, dynç alyş şertleriniň ýaramazlaşmagy, daşky gurşawyň ýagdaýy, iýmitiň hili we düzümi), adatdan daşary stress dartgynlylygy, şol sanda gigiýena – arassaçylyk şertleriniň umumy derejesiniň peselmegi bilen bagly bolup, zyýanly endikleriň we ýaramaz durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagyna ýardam edýär [2, 3]. Adamyň saglygynyň 50%-i durmuş ýörelgesi, ýagny onuň özüni alyp barşy we öz şahsy saglygyna we töweregindäkileriň saglygyna garaýşy bilen kesgitlenýändigi nazara alnanda, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde adamlarda sagdyn durmuş ýörelgesine bolan endikleriň kemala getirilmegi hem-de arassaçylyk-gigiýenik medeniýetiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy bolup durýar [3, 4].

Psoriatiki artridiň döwrebap anyklanyşy we bejergisi

Psoriatiki artrit (PA) - deriniň we bogunlaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän dowamly keseldir [4, 13, 26]. PA seronegatiw spondiloartritleriň toparyna degişli bolup durýar. Psoriaz bilen ejir çekýän näsaglaryň, takmynan, 10-30%-de PA ýüze çykýar, köplenç, 30-50 ýaşly adamlarda bellenilýär [6, 18]. PA-nyň sebäbi doly öwrenilmedikdir. Keseliň ösmeginde immun ulgam bilen bir hatarda genetiki şertler belli bir orny tutýarlar [7, 14].

Trawmatiki asfiksiýa bilen gaýraüzülen döş kapasasynyň ýapyk şikesi

Döş kapasasynyň ýapyk şikeslerini anyklamak we bejermek torakal hirurgiýanyň we trawmatologiýanyň wajyp meselesi bolup durýar [1, 3-5]. Şikes asfiksiýasy döş kapasasynyň we garyn boşlugynyň gysga wagtlaýyn (ortaça 2-5 minut) gysylmagy ýa-da basylmagy netijesinde bolýar [2, 5, 8]. Parahatçylyk döwründe önümçilik, durmuş, ýol-ulag hadysalarynda duş gelýär. Şikes asfiksiýasyndan ejir çeken adamlarda derisiniň reňkiniň goýy gyrmyzy reňkden gara-gök reňke çenli üýtgemegi bolýar. Ýüzüň, kelläniň we boýnuň ownuk gan inmeleri bilen sianozy, şeýle-de, subkonýunktiwal gan inmeler mahsusdyr. Agyz boşlugynda diliniň çişmegi, diş etiniň, diliň we bokurdagyň nemli bardasynda ownuk nokatly gan inmeler ýüze çykýar. Gursagiçki basyşyň ýokarlanmagy esasynda gan damarlarynyň, aýratyn hem ýokarky portal wenanyň gysylmagyna getirýär, bu hem damarda basyşyň birden ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Ses perdeleriniň reflektor gysylmagy döreýär, gursagiçki basyş ýokarlanýar we onuň netijesinde, kelle we boýun gan damarlarynda ganyň köpelmegi bilen ýürege barýan ganyň mukdary azalýar. Şikes asfiksiýasy näsagyň arzlarynyň, anamneziniň, şikesiň döreýiş mehanizminiň, kliniki we enjamlaýyn barlaglaryň esasynda kesgitlenilýär [2, 6-8]. Döş kapasasynyň ýapyk şikesiniň netijesinde, ýüze çykan şikes asfiksiýaly kliniki gözegçiligimizi dykgatyňyza ýetirýäris.

Geljegi nazarlaýan dostlukly gatnaşyklar

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Tebigatyň we köňülleriň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasy bolan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary täze many-mazmuna eýe boldy. Gözbaşyny adamzat ýaşaýşynyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň türkmen halkynyň baý durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, medeni gymmatlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly hyzmaty bardyr. Nowruz baýramyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejesiniň berilmegi onuň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylykly garaýyşlary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramçylyk hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.

Beýik maksatly işler

«Mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere, beýik sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty innowasiýalar hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýär, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň döremeginde garyşyk sülekeýdäki mikrofloranyň orny

Stomatologiki keselleriň arasynda ýygylygy we ýaýraýşy boýunça parodont keselleri ilkinji orunlaryň birini eýeleýär, şunuň bilen baglylykda BSGG-niň berýän maglumatlaryna laýyklykda, keselçilik, köplenç ýagdaýlarda yssy-gurak howaly ýurtlardaky adamlarda ýokary sanlara eýedigi bellenýär [12, 13, 15]. Çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) döreýiş sebäpleri doly öwrenilmedik bolup, onuň patogenezinde birnäçe faktorlaryň, bakterial patogenleriň, agyz boşlugynyň goraýyş mehanizminiň ýagdaýy we somatiki statusynyň, agyz boşlugynyň mikroflorasy bilen öjükdirilen gaýnaglama reaksiýasynyň (mikrobly biologiki perdejik, dişleriň çökündileri, kesmekleri) orun tutýandygyny soňky ýyllaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri subut etdi [2, 10, 14, 16]. Köp sanly ylmy edebiýatlaryň maglumatlaryna laýyklykda, agyz boşlugyndaky biologiki perdejigiň emele gelmeginde esasy orun biosuwuklygyň, garyşyk sülekeýiň (GS) we dişeti suwuklygynyň paýyna düşýär [8, 10, 11]. ÜKG-iň döremegine itergi berýän faktorlaryň arasynda esasy aýratyn orun agyz boşlugynyň mikrobiosenozynyň üýtgemegi bilen diş-äň anomaliýasynyň (DÄA) bolmagyna berilýär [3, 4]. Bu ýagdaýlarda mikroorganizmleriň köpelmegi we köp wagtlap saklanmagy üçin şertleriň biri mikroblaryň sülekeý akymy bilen ýuwulmagynyň kynlaşmagyna we mikrob öýjükleriň toplanmagyna sebäp bolýan DÄA-nyň aýratynlyklary bolup durýar [6, 7].

Gursagara täze döremelerinde geçirilýän anyklaýyş we bejeriş usullary

Gursagara täze döremeleriniň (GTD) morfologiki taýdan köp dürlüligi sebäpli, olaryň kliniki akymy we bejeriş usullarynyň netijeleri biri-birinden tapawutlanýar. GTD ähli çişleriň 3-7%-ni düzýär we näsaglaryň 80%-de howply däl we 20%-de bolsa, howply täze döremeler (HTD) kesgitlenilýär [1]. GTD-den bolan keselleýjilik soňky 25 ýylyň dowamynda uly adamlarda mediastinal limfomalaryň hasabyna 25%-den 49%-e çenli, çagalarda bolsa, bu görkeziji howply neýrogen täze döremeleriň hasabyna 7%-den 47%-e çenli ýokarlandy [2, 3, 5]. GTD-niň aglabasy 20-40 ýaş aralygyndaky adamlarda bellenilýär we olaryň zähmete ukyply döwrüne gabat gelýär. Nazaryýet we amaly onkologiýada GTD-niň birnäçe klassifikasiýasy ulanylýar we bu täze döremeler üç topara, ýagny howply, howpsuz döremeler we täze döremä meňzeş emele gelmelere bölünýär.

Plasentanyň öňde ýerleşmegi we bitişip ösmegi ýagdaýynda agzasaklaýjy operasiýalar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak esasy orny tutýar. Eneleriň saglygyny goramakda wajyp meseleleriň biri hem akuşer gan akmalaryň öňüni almak bolup durýar. Akuşer gan akmalarynyň meseleleri irki döwürlerden bäri lukmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Bular baradaky ilkinji maglumatlar orta asyrlar döwründen bäri öwrenilip gelinýär. Lukmançylyk ylmynyň, aýratyn hem akuşerçilik ylmynyň ösýänligine garamazdan, ene ölümçiligi häzirki döwürde amaly akuşerçilikde iň wajyp meseleleriň biri bolup galýar. Ene ölümçiliginiň gurluşynda akuşer gan akmalary öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp, 20-25% ýagdaýlarda olaryň esasy sebäbi, utgaşyp gelýän sebäp hökmünde 42% -de, fon sebäp hökmünde 78% -de bolup durýar [1, 2].

Bagyr sirrozly näsaglarda portal gemodinamikanyň üýtgemegi

Bagryň dowamly diffuz keselleriniň gizlin, alamatsyz geçmegi olaryň giçki döwürlerinde anyklanylmagyna we bagryň sirrozynyň (BS) emele gelmegine getirýär. Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, Ýewropa ýurtlarynda BS-dan ölümçilik 1,8%-e deň bolýar, bu öz gezeginde 170000 adama gabat gelýär. Bagryň alkogol bilen zeperlenmelerinden ýylda 2,5 million adam heläk bolýar, olaryň arasynda 320000 töweregi 15-29 ýaş aralykdaky adamlardyr [8, 9]. BS-ly näsaglaryň ölüminiň sebäbi, köplenç, portal gipertenziýa (PG) sindromynyň gaýraüzülmeleri bolup durýar. Olaryň arasynda gyzylödegiň giňelen wena damarlaryndan gan akmalar 40%, bagyr ensefalopatiýa 30%, infeksion gaýraüzülmeler (pnewmoniýalar, spontan bakterial peritonit, peşew çykaryş ulgamynyň infeksiýalary) 30% ýagdaýda duş gelýär [4, 7]. BS-nyň gaýraüzülmeleriniň arasynda gepatosellýulýar karsinoma aýratyn orny eýeleýär. Gepatosellýulýar karsinoma onkologiki keselleriň arasynda altynjy ýeri eýeleýär we onkologiki ölümçiligiň sebäpleriniň arasynda dördünji ýerde durýar [5, 6]. Bagyr içki gan aýlanyşynyň bozulmalary bagyr keselleriň patogenezinde uly orun tutýar. Bagyr keselleriň irki anyklanylmagynda portal ulgamynyň damarlarynyň ultrases dopplerografiýasy hem elýeterli, hem inwaziw däl usullaryň biri bolup durýar [1-3].

Çagalarda miopiýa keseliniň häzirki zaman anyklanyşy

Miopiýa keseli kliniki görnüşiniň dürlüligi, biomehaniki, gan damar we madda çalşyk sebäpleri öz içine alýan patogeneziniň çylşyrymlylygy, irki anyklaýşyň we bejerginiň kynçylygy we keseliň lukmançylyk we jemgyýetçilik ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär [1-3]. Çagalarda miopiýanyň ösüşini öz wagtynda ýüze çykarmak mümkinçiligi, esasan, häsiýetli kliniki alamatlar ýüze çykmazdan ozal, gözüň düýbüniň entek kliniki ýüze çykmadyk üýtgemelerini ir wagtda anyklamagyň mümkinçilikleriniň çäkliligi bilen baglanyşyklydyr [4, 5]. Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) ulanylmagy lukmançylyk tejribesinde birinji sapar gözüň torly we gan damar gatlaklarynyň takyk, hil we mukdar taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär, miopiýa keselinde gözüň düýbüniň dürli gatlaklaryny in vivo morfometriki barlagy geçirmäge uly ýardam berýär [4]. Häzirki wagtda bu ugurdaky lukmançylyk ylmy işler uly ýaşly näsaglarda geçirildi hem-de bu işler ulgamlaýyn häsýete eýe bolman, bir kada getirilmedikdir [3]. Işiň maksady – çagalarda miopiýa keseliniň ösüşiniň morfometrik anyklaýyş alamatlaryny gözüň düýbüniň optiki kogerent tomografiýa usuly arkaly ýüze çykarmak.

Aralyň ekologiki oňaýsyz ýagdaýynyň ilatyň saglygyna täsiri

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ekologiki syýasatynda ileri tutulýan wezipeler keselleriň öňüni almaklyga we sagaldyş çärelerini işläp düzmeklige gönükdirilip, tebigatyň adam bedenine ýetirýän islenilmeýän täsirleriniň öňüni almak bolup durýar. Aral deňziniň ekologiki oňaýsyz ýagdaýy Orta Aziýanyň 60 millionly ilatyna we 25 mln gektarly meýdanyna täsir edýär [2, 10]. Adamlaryň saglyk ýagdaýyna we durmuşynyň hiline negatiw täsir edýän mydamalyk ekologiki howply zolagyna, diňe deňzi gurşap alýan Gazagystan we Özbegistan döwletleriniň çägi degişli bolman, eýsem, olaryň üsti bilen Türkmenistanyň çägi hem degişli boldy.

Böwrek daş keseliniň häzirkizaman anyklaýyş usullary

Böwrek daş keseli (BDK) örän giň ýaýran keselleriň hataryna girýär. Öz ýygylygy boýunça urologik keselleriň arasynda bu kesel peşew ýollarynyň alawlamasyndan soň, ikinji orunda durýar. Bu kesel ilatyň azyndan 3%-de duş gelýär we onun ýaýraýşy Ýer şarynyň dürli ýurtlarynda tapawutlanýar, mysal üçin, nefrolitiaz bilen keselleýjilik, ortaça Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e we Saud Arabystanda 20%-e çenli we onuň ähli regionlarda köpelýändigi bellenýär [2, 4, 6-10]. Nefrolitiaz bilen ejir çekýän näsaglar urologiýa bölümleriniň näsaglarynyň 30-40%-ni düzýär. Kesel, köplenç, adamlaryň işe ukyply döwründe (30-50 ýaş) duş gelýär. Anyklanyşynda we bejerilişinde ýetilen uly sepgitlere garamazdan, bu kesel urologlaryň we umumy ugurda işleýän lukmanlaryň amaly işinde möhüm orny eýelemegi dowam edýär [2, 4, 5]. BDK-nyň anyklanylyşynda subýektiw we obýektiw, umumy kliniki usullar deslapky kesel kesgidini anyklamakda esasy maglumat beriji usullar bolmagynda galýar.

Aterosklerotik stenozly oňurga arteriýalaryň stentirlenmegi

Dowamly serebrowaskulýar ýetmezçiligi (DSÝ) häzirki wagtda ilatyň ölümçiliginiň we maýyplygynyň esasy sebäpleriniň biridir [1, 6]. DSÝ, köplenç, karotid arteriýalarynyň patologiýasy sebäpli ýüze çykýar, ikinji orunda oňurga arteriýalaryň (OA) okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri durýar we olar wertebro-bazilýar ýetmezçilik sindromynyň (WBÝ) döremegine sebäp bolýar [2,5]. Oňurga arteriýalarynyň (OA) zeperlenmesiniň iň ýygy sebäpleri ateroskleroz, spesifiki däl aorto-arterit we patologiki gyşarmalar bolup durýar. Soňkusy ýaşuly adamlara, ateroskleroz bilen bilelikde geçýän arterial gipertoniýaly näsaglar üçin hem häsiýetlidir [3]. OA-nyň patologiki gyşarmasyz, izolirlenen okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri Iň köp duşýan görnüşidir. Keseliň mahsus kliniki alamatlarynyň bolmazlygy sebäpli, WBÝ, köplenç, giçki döwürlerde ýüze çykarylýar ýa-da serebrowaskulýar gan aýlanyşygyň bozulmagy hadysalarynyň döremegi bilen anyklanýar [4,7]. Okklýuziw-stenoz zeperlenmeleri bejermegiň esasy usullaryndan biri OA-da geçirilýän açyk operasiýalardyr, ýöne häzirki wagtda oňa möhüm alternatiw usullar angioplastika we stentirleme operasiýalary amalyýete ornaşdyrylýar.

Öýkeniň arteriowenoz anewrizmasy

Öýkeniň arteriowenoz anewrizmasy dogabitdi keseldir. Çaganyň embrional döwründe öýken arteriýasynyň we wenasynyň kadaly emele gelmeginde ýüze çykýan bozulmalaryň netijesinde, arteriýa we wena damarynyň arasynda dogabitdi anastomoz emele gelýär. Netijede, öýken arteriýasyndaky wenoz gan kislorod bilen baýlaşmaýar we alweolalarda kislorodlaşmadyk gan anewrizmanyň ugry boýunça öýken arteriýa ulgamyna düşýär. Näsagyň ganynyň kisloroda baýlaşmagy peselýär, gipoksiýa ýüze çykýar [3, 4]. Kesel örän seýrek duşýar, ýagny her 100000 adamdan 2-3 näsag gabat gelýär [5]. Uzak wagtlap kesel az alamatly ýa-da alamatsyz geçýär. Näsagy howa ýetmezlik bimaza edýär, onuň dodagy, ýüzi gögümtil reňkde (sianoz) bolýar, gakylykda gan goşundysy bolýar, barmaklarynyň ujy depregiň taýajyklaryna meňzeş bolýar, ganynda eritrositleriň mukdary köpelýär [1, 2]. Amaly işimizde duşan wakamyzy beýan edýäris.

Ak şäherim Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat şäheri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. Paýtagtymyzyň özboluşly mermer keşbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlarynyň bardygynyň netijesidir. Şäheriň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanylan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesidir. 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini aňladýar. Bu şygarda parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleriniň orun almagy umumadamzat asudalygyny üpjün etmäge we halklaryň arasynda ynanyşmak ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler açar.