Wagtyndan öň doglan bäbekleriň (WÖDB) görüş ulgamynyň patologiýasy çaga oftalmologiýasynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Agyr keselleriň arasynda esasy duş gelýän WÖDB-iň retinopatiýasy (RP), görüş nerwiniň bölekleýin atrofiýasy, glaukoma, dogabitdi miopiýa körlüge eltýän ösüş anomaliýalarydyr [1, 2].
WÖDB-de görüş boýunça maýyplygyň öňüni almak irki döwürlerde keseli anyklamak we wagtynda başlanan bejergi bilen baglydyr. Ösen döwletlerde körlüge getirýän öňdebaryjy sebäpleriň biri, WÖDB-iň retinopatiýasy bolup durýar, bu bolsa ýokary tehnologiýaly keseli anyklamak usulyny talap edýär. Agramy 2500 g-dan az bolan täze doglan bäbekler üçin gözüň torly perdesiniň patologiýasynyň irki anyklanylmagy, gaýdymsyz üýtgeşmeleriň öňüni almak üçin oftalmologik monitorlama usullarynyň geçirilmeginiň lukmançylyk-sosial ähmiýeti bardyr [3]. Ol bu keseliň kliniki alamatlarynyň aýratynlyklary, ir ýüze çykmagy (WÖDB-iň ömrüniň ilkinji hepdelerinde) we okgunly geçişi bilen baglydyr [7].