Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan döwletimizde dünýä derejesindäki saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar bilen birlikde derman senagatynyň iri kärhanalary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň hatarynda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhana Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berildi. Bu kärhana dünýä bazarynda bäsleşige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga we olaryň daşary ýurtlardan satyn alynýan möçberini azaldyp, onuň ýerini tutýan derman serişdelerini öndürmek bilen bagly tabşyryklaryň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda goýlan esasy wezipeleriň ýerine ýetirilýänliginiň subutnamasydyr.
Kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, ondan glisirrizin turşusy öndüriler we ol önüm daşary döwletlere eksport ediler.