Döwletliligiň binýady

22 Oktýabr 2024
311

Mähriban Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny myrada gowşuryp, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, geljegimizi has-da belentliklere göterjek öňdengörüjilikli sepgitleri nazarlaýar. Bularyň her biri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň ajaýyp görkezijileridir.