Arterial gipertenziýa (AG) ateroskleroz bilen bagly töwekgelçiligiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Multiple Risk Factor Intervention barlagynyň maglumatlary, ýürek-damar kesellerinden ölüm ýagdaýlaryň sistoliki (SAB) we diastoliki arterial basyşynyň (DAB) ösüşine proporsional ösýändigini görkezdi. Syst-Eur barlagy SAB-nyň peselmegi sebäpli, fatal we fatal däl miokardyň infarktynyň, şeýle hem beýni insultynyň ýygylygynyň aýdyň azalandygyny görkezdi. Mundan başga-da, AG dowamly ýürek ýetmezçiliginiň (DÝÝ), şeýle hem böwrek ýetmezçiliginiň, ýüregiň ritminiň bozulma töwekgelçiliginiň sebäpleriniň biri bolup durýar.
Lukmanlara AG-nyň we ýüregiň işemiýa keseliniň (ÝIK) utgaşmagynyň ýygy duş gelýändigi mälim. Bir tarapdan, AG koronar damarlaryň aterosklerotiki zeperlenmeginiň ösmegine ýardam berýär, beýleki bir tarapdan, arterial basyşyň (AB) ýokarlanmagynyň netijesinde, koronar gan aýlanyşygynyň funksional we gurluş bozulmalary, ýüregiň damar remodelirlemesi ösýär [1-3].