Stomatologiki keselleriň arasynda ýygylygy we ýaýraýşy boýunça parodont keselleri ilkinji orunlaryň birini eýeleýär, şunuň bilen baglylykda BSGG-niň berýän maglumatlaryna laýyklykda, keselçilik, köplenç ýagdaýlarda yssy-gurak howaly ýurtlardaky adamlarda ýokary sanlara eýedigi bellenýär [12, 13, 15]. Çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) döreýiş sebäpleri doly öwrenilmedik bolup, onuň patogenezinde birnäçe faktorlaryň, bakterial patogenleriň, agyz boşlugynyň goraýyş mehanizminiň ýagdaýy we somatiki statusynyň, agyz boşlugynyň mikroflorasy bilen öjükdirilen gaýnaglama reaksiýasynyň (mikrobly biologiki perdejik, dişleriň çökündileri, kesmekleri) orun tutýandygyny soňky ýyllaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri subut etdi [2, 10, 14, 16]. Köp sanly ylmy edebiýatlaryň maglumatlaryna laýyklykda, agyz boşlugyndaky biologiki perdejigiň emele gelmeginde esasy orun biosuwuklygyň, garyşyk sülekeýiň (GS) we dişeti suwuklygynyň paýyna düşýär [8, 10, 11]. ÜKG-iň döremegine itergi berýän faktorlaryň arasynda esasy aýratyn orun agyz boşlugynyň mikrobiosenozynyň üýtgemegi bilen diş-äň anomaliýasynyň (DÄA) bolmagyna berilýär [3, 4].
Bu ýagdaýlarda mikroorganizmleriň köpelmegi we köp wagtlap saklanmagy üçin şertleriň biri mikroblaryň sülekeý akymy bilen ýuwulmagynyň kynlaşmagyna we mikrob öýjükleriň toplanmagyna sebäp bolýan DÄA-nyň aýratynlyklary bolup durýar [6, 7].