"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Dowamly holesistitiň fitobejergisiniň netijeliligi

Dowamly holesistit – öt haltasynyň keseli bolup, ähli biliar ulgamynyň işiniň bozulmasy, öt daşlarynyň emele gelmegi, öt haltasynyň diwarlarynyň alawlamasy bilen häsiýetlenýär. Dowamly holesistitiň konserwatiw bejergisi üçin sintetiki derman serişdeleriniň giňişleýin görnüşleri, ýagny sulfanilamidler, antibiotikler, şeýle hem dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanylan şireler, gerdejikler we kapsulalar ulanylýar (meselem, holosas, Bittner balzamy, LIW-52, allohol we başg.). Dowamly holesistitiň bejergisinde dermanlyk ösümlikleriň demlemeleri we şireleri, köplenç halatlarda özbaşdak bejergi görnüşinde giňden ulanylýar. Dowamly holesistitiň bejergisinde ulanylýan dermanlyk ösümlikleri, köplenç, spazmolitik, ödi bölüp çykaryjy, sowuklama garşy we sedatiw täsirli bolýarlar. Mekgejöweniň gulpagy, itburnuň miweleri, pižma, zirk we gurygül ulanylýar. Dowamly holesistitiň fitobejergisiniň uly bejeriş kuwwady bar we düýpli ylmy çemeleşmeleriň bolmagyny talap edýär [2, 3]. Ilkinji nobatda, näsagyň fitodermana bolan şahsy duýgurlygyny kesgitlemeli. Biz näsagyň fitodermana bolan şahsy duýgurlygyny kesgitlemegiň immunologiki usulyýetini işläp taýýarladyk. Ol fitodermanyň öt haltasynyň ereýän dokuma antigeniniň bolmagynda näsagyň ganyndaky leýkositleriň migrasiýa bolan ukyplylygynyň in vitro ýetirýän täsiriniň kesgitlenilmegine esaslanýar [4, 7]. Usulyýet dowamly holesistitde näsagyň any

Wagtyndan öň doglan bäbeklere perinatal merkezleriň şertlerinde oftalmologik kömegini bermek

Wagtyndan öň doglan bäbekleriň retinopatiýasy (WÖDB RP) soňky onýyllyklaryň dowamynda görüşiň bozulmalary boýunça maýyplygyň sebäpleriniň arasynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Agramy 2500g-dan pes bäbeklerde gözüň torly gatlagynyň patologiýasyny irki döwürlerde anyklamaklygyň ulgamlaýyn usullaryny girizmek, gaýdymsyz bozulmalaryň öňüni almak üçin çuňňur oftalmologik barlaglaryň monitoringini geçirmek lukmançylyk-sosial ähmiýete eýedir [4]. Bu keseliň mahsus kliniki alamatlarynyň bolmagy, irki döwürlerde emele gelmegi (wagtyndan öň doglan bäbegiň ilkinji hepdelerinde) we hadysanyň has çalt geçmegi bilen şertlenýär [7]. Ösen döwletlerde neonatal kömeginiň kämilleşmegi doglanda ekstremal pes agramly WÖDB-niň ölümçiliginiň progressiw peselmegine getirdi. Edil şu çagalar hem torly gatlagynyň oňaýsyz netijeli we okgunly geçişli görnüşi bolan WÖDB-niň yzky agressiw retinopatiýasynyň döremekligi boýunça howp toparyny düzýärler [3].

Tut agajynyň ýapraklarynyň himiki düzüminiň deňeşdirme seljermesi

Tut agajynyň köpsanly bejeriji täsiri bardyr. Diňe soňky döwürde ösümligiň dürli böleklerinden taýýarlanylan ekstraktlar uglewod we ýag çalşygyny sazlamak, içegeleri arassalamak we galyndy maddalary çykarmak üçin serişdeleriň düzümine goşup başladylar [3]. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda ýerli dermanlyk ösümlikler we olaryň bejeriş häsiýetleri barada giňişleýin maglumat getirilýär. Kitaplarda gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylýan, emma häzire çenli az öwrenilen we lukmançylyk amalyýetinde ulanylmaýan ýerli ösümliklere aýratyn üns berilýär [1, 2]. Tut agajy (Morus) tutlar maşgalasyna degişlidir. Bu maşgala ýaprakly agaçlaryň 17 sanysy degişli edilýär. Tut agajynyň iki görnüşi, ýagny ak tut (Morus alba) we gara tut (Morus nigra) giňden ösdürilýär.

Eozinofil enterokoliti

Aşgazan-içege ulgamynyň (AIU) eozinofil keselleri seýrek duş gelýän patologiýa bolup, çetki ganyň eozinofiliýasy we iýmit siňdiriş ýolunyň diwarlarynda eozinofil infiltratlaryň döremegi bilen häsiýetlenýär. Bu hadysanyň kliniki alamatlary AIU-nyň zeperlenmeginiň çuňlugyna, ýerleşýän ýerine bagly bolýar we ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyry ýaly alamatlar bilen geçýär. Eozinofiller bilen nemli bardanyň infiltrasiýasy diareýa, malabsorbsiýa sindromy bilen häsiýetlenýär, nemasty we muskul gatlagyň zeperlenmesi doly ýa-da bölekleýin içege geçmezligine getirýär, kesel daşky seroz gatlaga geçende assit ýüze çykýar [1, 2]. Ganyň umumy barlagynda eozinofiliýanyň durnukly saklanmaklygy, morfologiýa barlagynda bolsa iýmit siňdiriş ulgamynyň belli bir böleginiň diwarynda eozinofil infiltrasiýasynyň ýüze çykarylmagy AIU-nyň eozinofiller bilen zeperlenmeginiň anyklaýyş kriteriýalaryny düzýär [3, 4]. Ikilenji eozinofiliýany inkär etmeklik üçin nejasatyň gelmintlere barlagy, ganyň gelmintlere bolan serologiki barlagy we ganda umumy IgE-niň mukdary kesgitlenýär. Eozinofil enterokolitiň anyklanmagynda gabat gelýän kynçylyklary beýan edýän kliniki mysaly getirýäris [5].

Halkara gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar, ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan meseleleriň esasylarynyň biri hem halkara gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy BMG, BSGG, ÝUNISEF ýaly iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy we onuň halkara düzümleri bilen Türkmenistan ýurdumyzda ikitaraplaýyn işjeň we netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde 2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabry aralygynda BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň maslahatçylarynyň ýurdumyza iş sapary boldy. Saparyň çäginde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň maslahatçylary Witaliý Stesýuk, Witaliý Krylýuk, Galina Simbalýuk, Ýelena Wolowik, Ilýa Nikitin, Kuat Mahanow (Gazagystan Respublikasy) dagylaryň «Agyr ýagdaýdaky COVID-19 ýokançly näsaglara giňişleýin gaýragoýulmasyz kömegiň berlişi» boýunça maslahat beriş-tehniki iş sapary guramaçylykly geçirildi.

Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň milli buýsanjy

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabarasy uludan tutulýan baş baýramymyza öwrüldi. Garaşsyzlyk baýramy halkymyz üçin iň naýbaşy baýramlaryň biri bolup, eziz Diýarymyzyň berkararlygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar we geljekki röwşen durmuşy barada edýän aladasy, parasatly ýoly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany has-da kuwwatly döwlete öwürmekde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Sarsmaz binýadynda milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, asudalyk, dost-doganlyk ýörelgeleri goýlan kuwwatly döwletimiz 31 ýyl bäri özygtyýarlylyk, erkanalyk, özbaşdaklyk ýolunda bedew batly ösüşlere beslenip, täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Garaşsyzlygyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny we Döwlet tugrasyny döretdi. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyny, asylly däp-dessurlaryny, milli mirasyny we ynsanperwer ýörelgelerini dikeltdi. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Döwletimiziň taryhynyň iň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwründe ýazyldy. Çünki eziz Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, düýpli özgerdi we täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi.

Sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenip bellenilýär. Bu baýramçylygyň döredilmegi beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli zähmet çekýän, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy özlerine belent borç edinýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de halkymyzyň goýýan belent sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün baş wezipe hökmünde kesgitlendi.

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň yzysüre bellenip geçilýän hünär baýramçylygy — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Sergä Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Halkara sergisi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Halkymyza toý sowgady

Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak meselesine uly üns berlip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar öňe sürülýär we her ýyl saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenilýär. Ýurdumyzda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХIV jildi halkymyza gowuşdy. Bu ajaýyp kitabyň neşir edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy.

Türkmenistanda ýiti respirator wirus ýokançlaryň epidemiologiki düzümi

Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýylyň-ýylyna üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň esasy ýörelgeleri ilatymyzyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmakdan, halkara ölçegleriň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän eziz Diýarymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan ýiti wirusly respirator kesellerine, şol sanda SARS-COV-2 ýokanjyna garşy epdiemiologiki gözegçilik alnyp barylýar.

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň iýmitlenme stereotiplerine görä artykmaç beden agramlylygyň we semizligiň ýaýraňlygy

Soňky wagtlarda ýokary tejribeli hünärmeni taýýarlamak bilen bir hatarda beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary sosial işjeňlikli, päk ahlakly we jogapkärli şahsyýeti terbiýelemek meselesinde ýokary okuw jaýynyň ähmiýetliligi barha ýokarlanýar. Ýaşlaryň saglygynyň berkidilmegi bolsa, olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar [1, 7]. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerde, esasan hem lukmançylyk ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilim dürli görnüşli okuw usulyýetleriniň ulanylmagynda sapaklaryň ýokary depginde geçirilýändigi, täze tilsimatlaryň okuw prosesinde ornaşdyrylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Hasap-synag döwürleri bolsa ünsüň jemlenilmegini, dykgat bilen pikirlenmegi, ýatlamak üçin bar güýjüniň toplanmagyny talap edýän has depginli döwürler bolup, informasion we emosional stressleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin okuw ýetişigine, talyplaryň saglyk ýagdaýyna we ýylyň dowamyndaky keselleýjiligine täsir edýän esasy faktorlara emosional we fiziki ýüklenmeler, iýmitlenmegiň hili we onuň fiziologiki taýdan talabalaýyklygy degişli bolup durýar [3, 8, 9].

Başlangyç synp okuwçylarynyň iýmitleniş ýagdaýlary

Halkyň saglygyny berkitmek, çydamly, fiziki we ruhy taýdan taplanan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek milli lukmançylyk ylmynyň wajyp meseleleriniň biridir. Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramakda ileri tutulýan ugurlara, şol sanda olar üçin hemmetaraplaýyn iň gowy başlangyç şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegine, olaryň ruhy we beden saglygyna, semizligiň we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegine aýratyn uly üns berilýändigi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenip geçilýär [1]. Soňky wagtlar dünyäde çagalarda artykmaç agramlylyk we semizlik has köp duş gelip başlady. BSGG çagalardaky artykmaç agramlylygy XXI asyryň iň bir uly we örän wajyp meseleleriniň biridigini belleýär [5, 6]. Ýyl-ýyldan semizlik meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Çagalarda duş gelyän artykmaç agramlylyk we semizlik uly yaşly adamlara garanda has tiz yüze çykmagy we olaryň yaşayyş şertlerine, iymitlerine bagly bolmagy çagalarda semizligiň çalt ýaýramagyna esas döredýär. Ösen ýurtlarda çagalarda we ýetginjeklerde duş gelyän artykmaç agramlylyk we semizlik hasam ýygy duş gelip başlady. BSGG-niň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň çägindäki ýurtlarda 6-9 yaşly çagalardan her 3-nji çaga artykmaç agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýär. Beýik Britaniýada - 20%, Ispaniýada - 27%, Gresiýada - 31%, Italiýada - 36%, Russiýa Federasiýasynda her 10-njy çagada, ABŞ-da bolsa her 5-nji ç

Iýmitleniş endikleriniň ýürek-damar keselleriniň howp faktorlaryna täsiri

Sagdyn bedeniň dogry we doly bahaly iýmitlenmegi ýaşaýyş üçin möhüm durmuş we saglygy goraýyş meseleleriniň biri bolup durýar [1-3, 5]. Iýmitlenmegiň bozulmalaryny ýüze çykarmak we olara düzedişler girizmek ýürek-damar kesellerini (ÝDK) anyklamakda we bejermekde möhüm ähmiýete eýedir. Iýmitiň düzüm bölekleri, hususan hem haýwan gelip çykyşly doýgun ýaglar, holesterin, şeker, nahar duzy, iýmitiň aşa kaloriýalylygy ÝDK-nyň geçişine aýdyň täsir edip biler. Soňky ýyllarda doýgun däl ýag turşularynyň, iýmit süýümleriniň, ter gök önümleriň, käbir witaminleriň we mineral maddalaryň ÝDK-nyň öňüni almakdaky ornuna has uly üns berlip başlandy. Häzirki döwürde berhiz bejergisi ÝDK-nyň bejergisiniň möhüm bölegi hasaplanylýar [4, 6]. Gelip çykyşy pes fiziki işjeňlik bilen ýokary kaloriýaly iýmitlenmä bagly bolan, ilat arasynda giňden ýaýran ÝDK-nyň esasy howp faktorlaryny: abdominal semizligi, arterial gipertoniýany, dilipidemiýany we giperglikemiýany özünde jemleýän metabolik sindroma aýratyn üns berilýär [7, 9, 10]. Işiň maksady – arterial gipertenziýaly (AG) näsaglaryň iýmitleniş aýratynlyklaryny öwrenmek we olaryň ýürek-damar keselleriniň howp faktorlary bilen arabaglanyşygyny ýüze çykarmak.

Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň ýokary tehnologiki anyklanylyşy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň oftalmolog lukmanlary täze ýokary maglumat beriji sanly anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edildi, munuň özi göz keselleriniň kliniki alamatlarynyň ýüze çykmazdan öň, başlangyç tapgyrlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi [1, 2]. Çagalarda gaýra üzülen miýopiýada gaýdymsyz görüş ýitiliginiň peselmegine getirmegi şeýle ýokary tehnologiýaly anyklaýyş usullarynyň oftalmologiki tejribä giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Miopiýa keselinde gözüň yzky böleginiň süýnmegi göz bäbeneginiň düýbüniň torly perdesiniň ähli gatlaklarynyň gaýdymsyz üýtgemelerine sebäp bolýar [3, 4]. Häzirki wagtda giňden ulanylýan usullaryň biri göz bäbeneginiň ultrases barlagydyr, ol göz bäbeneginiň aşa süýnmeginiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär [5]. Soňky ýyllarda girizilen gözüň optiki kogerent tomografiýa usuly gözüň yzky böleginde miopiki üýtgemeleri bolan çagalarda ýüze çykýan torly perdäniň we gözüň görüş nerwisiniň gurluş üýtgemelerini gistologiýa barlag usulyna ýakynlaşýan derejede derňemeklige mümkinçilik berýär [6, 7].

Çagalarda injik süňkleriň aşaky böleginiň az inwaziw derotasion osteotomiýasy

Aşaky ahyrlaryň torsion deformasiýasy – bu but we injik süňkleriniň distal bölekleriniň proksimal böleklerine görä öz okunyň daşyndaky öwrümidir. Çagalarda belli bir ýaşa çenli kadada, şeýle hem patologiýada duş gelýär. Çagalarda injik süňküniň torsion deformasiýasynyň (towlanmagy) kliniki alamaty içki rotasion ýa-da daşky rotasion komponentli ýöreýişler bilen ýüze çykýar. Kadada şeýle deformasiýalar çagalarda 6-7 ýaşyna çenli ýüze çykýar we adatça süňkleriň dogry ösmegi bilen özü-özünden geçip gidýär. Çagany arkanlygyna ýatyryp, aýagyny dyz bognunda epeniňde, dabanynyň adaty ýagdaýynda injigiň okunyň öwrüminiň derejesini kesgitlemek bolýar. Injik daban bognunyň topuk ara oky bilen buduň okunyň arasyndaky burç kadada 0°-dan 12°aralykda bolýar. Gyşarma 20°-dan gowrak bolan ýagdaýynda patologik torsiýa barada gürrüň gidip, ol adatça gowulaşmaga ýykgyn etmeýär we hirurgik bejergini talap edýär [1, 6]. Injigiň içki torsion deformasiýalary adatça beýni ysmazly we doga egridabanly çagalarda gabat gelýär [1-4]. Daşky torsion deformasiýalar dabanlaryň ýasy walgusly deformasiýasy bolan çagalarda, şeýle hem daban süňkleriniň şikesinden soňra duş gelýär [6]. Injigiň torsion deformasiýalaryny aýyrmak üçin derotasion osteotomiýa operasiýasyndan peýdalanylýar [1, 5, 6]. Injik süňkleriniň osteotomiýasy, köplenç, distal bölümlerde geçirilýär. Awtorlaryň aglabasynda hirurgiki gatyşmanyň usulyny

Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerini ir ýüze çykarmakda öňüni alyş seredişleriň ähmiýeti

Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri (ÝBHTD) ähli HTD-niň ösüp barýan ýurtlarda 78%-ni düzýän bolsa, ösen ýurtlarda 4,4%-ni, zenanlaryň ähli HTD-leriniň arasynda 15%-e deňdir we ähli täze döremelerden bolan ölümçiligiň sebäpleriniň arasynda 2-nji orny eýeleýär [5, 8]. Russiýada ÝBHTD HTD-niň arasynda ýygylygy boýunça 5-nji ýerde durup we ähli HTD-niň 5,2%-ni düzýär [1, 2, 4]. Häzirki döwürde 40 ýaşa çenli bolan zenanlarda ÝBHTD-den bolan keselleýjiligiň köpelýändigi we işe ukyply ýaşyndaky zenanlaryň maýyplygyny ýokarlandyrýandygy bellenilýär. Esasan, 29 ýaşa çenli bolan zenanlarda keselleýjilik has ýokary bolup durýar we ýyllyk ösüşi 2,1%-e deňdir [3, 4].

Şikesden soňky ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalar

Kelleçanak beýni şikeslerine (KBŞ) kliniki newrologiýada iň bir wajyp meseleleriň biri hökmünde seredilýär. Döwrebap jemgyýetde onuň ýygylygy aşa köp bolup, uly şäherlerde 1000 ilata 8 adama barabar bolup durýar [1]. Maýyplyga getirýän esasy sebäpleriň arasynda neýroşikesler gan aýlanyş agzalarynyň kesellerinden soň ikinji orunda durup, ol 14,5%-26%-ni düzýär [5]. Geçirilen kelle beýni şikesiniň netijeleri diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, sosial mesele hem bolup durýar. Edebiýat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, agyr ýapyk KBŞ-ni geçirenleriň 68%-de kognitiw işjeňliginiň bozulmagy we 3-10%-de demensiýanyň ýüze çykýanlygy bellenilýär [2, 4]. Işiň maksady – dürli agyrlyk derejelerdäki şikesden soňky ýüze çykan ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalaryň kliniki aýratynlyklaryny öwrenmek.

Buýan köki gymmatly dermanlyk çig mal

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleriň biri hem ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek bolup, ilkinji nobatda, güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär. Dermanlyk ösümlikleriň arasynda ähmiýeti boýunça ilkinji orunlarda durýan ösümlikleriň biri-de süýji buýandyr [1]. Onuň himiki düzümi we farmakologik täsirleri köp ýyllaryň dowamynda öwrenilip gelinýär we ylmy lukmançylyga giňden ornaşdyrylýar. Buýan köki aglaba ýurtlaryň Farmakopeýasyna girizilendir.

Agzybirligiň aýdyň nusgasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Döwlet Maslahaty geçirildi. Ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde geçen Döwlet Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini düzgünleşdirmäge hem-de deňligini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleriň beýany boldy.

Halkyň saglygy hakdaky aladanyň nusgasy

Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatda halk, döwlet ähmiýetli işleriň her birinde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Adam baş baýlyk we ähli ulgamlardaky ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly baş ýörelge öňe sürlüp, belent sepgitlere, gazanylan ägirt uly üstünliklere halkyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyryp, raýatlaryň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ählitaraplaýyn tagalla edilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 27 ýyl doldy. Bu maksatnama raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Ilatyň saglyk baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak bu maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.